Bagtyýarlyk şuglasy
weather dashoguz 40° C Daşoguz

Bagtyýarlyk şuglasy

Jemgyýet
11.12.2025  148

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda, 2025-nji ýylyň 21-nji martynda adybir Kararnamalar esasynda halkara derejesinde üç gezek ykrar edilen gudratdyr. Ol halkara işlerinde işjeň oňyn garaýşy, her bir işde parahatçylykly ýagdaýda çözmek maksady bilen, öz syýasy mümkinçiliklerini peýdalanmagy, halkara gatnaşyklary has adamkärçilikli, döredijilikli ýola goýmagy aňladýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň mazmunyndaky parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk, ýüze çykýan düşünişmezlikleri syýasy-diplomatik usullar arkaly çözmek ýaly bitaraplygyň oňyn ýörelgeleri türkmen halkynyň gadymdan gelýän ýörelgeleriniň mazmunynda jemlenendir. Türkmen halkynyň aslynda bar bolan milli aýratynlyklarynyň agzybirligi goldamak, jebisligi goramak boýunça ýörelgeleri nusgawy şahyrlarymyzyň şygyrlarynda belent heňde, çagyryş bilen wasp edilýär. Mollanepes şahyr «Ner gezgin» goşgusynda:

Iki adam uruşsa geçer ýaly ýol berme,
Birisine gep berip, ol birine al berme —

diýmek bilen, türkmen halkyna adamçylyk gatnaşyklarynda ýüze çykýan düşünişmezlikleri hem parahatçylykly ýagdaýda çözmäge ugrukdyryp, nesihat, wesýet edýär.Özara düşünişmek, parahatçylyk bilen gazanylan agzybirlik bolsa, haýsy halkyň, ýurduň wekili bolsa-da, ýürekleriniň, göwünleriniň küýsegi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň düýp manysy ynsanperwerlik bolup, ol ägirt uly ruhy-ahlak güýçdür. Türkmen Bitaraplygy şeýle uly güýje eýe bolup, sebitde howpsuzlyga we durnuklylyga uly goşant goşýandygyna dünýä jemgyýetçiligi has aýdyň göz ýetirýär. Bu bolsa Bitarap Türkmenistanyň tutuş adamzadyň röwşen geljeginiň bähbidine köpugurly kuwwatyny durmuşa geçirmäge çalyşýandygyny aýdyňlygy bilen subut edýär. Diýmek, parahatçylyk, bagtyýarlyk, adamlaryň abadan durmuşy, döredijilik, halklaryň dostlugy, raýdaşlyk ýaly asylly ýörelgelere doly laýyk gelýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Parahatçylygyň, dost-doganlygyň forumy
04.08.2025   214
Jemgyýet Ajaýyp şygryň nurly ýalkymy
17.01.2025   412
Jemgyýet Saýlaw işiniň hukuk esasy
21.02.2026   104
Jemgyýet Durmuş mekdebine ak ýol
26.05.2026   100
Jemgyýet Salamlaşmak edebi
21.01.2026   159
Jemgyýet Ganatly bedewleriň waspy
26.04.2024   480
image