Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap geňeşi welaýatyň «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Kitap — bilimiň açary» atly kitap şüweleňini geçirdi. Ýaş nesliň kitap okamaga bolan höwesini has-da artdyrmak, kitap okamagyň ähmiýetini okuwçylaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen geçirilen medeni çärä TMÝG-niň Görogly etrap geňeşiniň jogapkär işgärleri, şu merkezde dynç alýan çagalar we terbiýeçiler gatnaşdylar.
Kitap şüweleňiniň dowamynda çagalar öz nobatlarynda, okan kitaplary, söýgüli eserleri barada gürrüň berdiler, nusgawy hem-de döwürdeş ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijiligine degişli goşgulary ýatdan aýdyp berdiler. Mugallymlar bilen okuwçylaryň arasynda kitap okamagyň ähmiýeti hem-de ýazyjy-şahyrlarymyzyň ömri-döredijiligi bilen baglanyşykly sowal-jogap alyşmalar hem boldy. Kitap şüweleňiniň ahyrynda bu çärä işjeň gatnaşan okuwçylara TMÝG-niň etrap geňeşiniň Hormat hatlary gowşuryldy.