Bagtyýarlygyň we rowaçlygyň binýady
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Bagtyýarlygyň we rowaçlygyň binýady

Jemgyýet
09.04.2026  118

«Daşoguz» şypahanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen aýdym-sazly dabara ýokary ruhubelentlige beslendi. Daşoguz welaýat häkimliginiň, welaýat saglygy goraýyş, medeniýet müdirlikleriniň bilelikde guramagynda geçirilen aýdym-sazly dabara jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýaşuly nesliň wekilleri, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar.

Dabarada çykyş edenler ajaýyp döwrümizde milli saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän uly işler, halkyň saglygy hakynda edilýän bimöçber aladalar hem-de bu ulgamda gazanylýan üstünlikler barada uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Dabaranyň dowamynda saglygy goraýyş ulgamynyň göreldeli zähmet çekýän işgärlerine welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň Hormat hatlary we saglygy goraýyş işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň sowgatlary gowşuryldy.

Soňra köňülleri joşa getiren aýdym-sazly çykyşlara giň orun berildi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Ulag ulgamynyň ygtybarly geljegi
23.08.2025   292
Jemgyýet Asyra ulaşan ömür
21.10.2024   423
Jemgyýet Maşgala gymmatlygy — döwrüň talaby
09.04.2024   487
Jemgyýet Söhbetdeşlik geçirildi
06.09.2024   354
Jemgyýet Ýagşy habarlaryň ýarany
12.03.2026   131
Jemgyýet Döwrüň belent waspy
18.06.2026   88
image