«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda gözel Diýarymyzda Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň dabaraly bellenilip geçiljekdigi bagtyýar halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyryp, uly zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen öňe barýan ýurdumyzyň her bir güni şanly wakalara, üstünliklere beslenýär.
Ata Watanymyzyň ähli ulgamlarda gazanýan üstünlikleri halkymyzyň ýagty geljeginiň, aýdyň ertiriniň binýadydyr. Täze taryhy döwürde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, medeni ugurlarynda ýetilýän belent sepgitler uludan tutulýan şanly seneleri has-da dabaralandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesini mynasyp garşylamak babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, bu ýerde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny has-da dabaralandyrjak Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy.
Mälim bolşy ýaly, şanly ýylyň şygarynda milli bedewimize bolan hormatyň, halkymyzyň atşynaslyk däpleri bilen baglanyşykly gadymy ýörelgeleriniň özboluşly şöhlelenmegi ýöne ýere däl. Çünki at bilen bagly gadymy dessurlar türkmen halkynyň uly tutum bilen başlan toýlaryny dabaralandyryp, onuň şowhunyny artdyrypdyr. «At agynan ýerde toý bolar» diýen pähim hem sözümiziň aýdyň güwäsidir.
Döwlet Tugramyzda şekili ýerleşdirilen şan-şöhratly türkmen bedewi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan ösüşleriň, ýetilen belent sepgitleriň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bedew batly ösüşler bilen ata Watanymyzyň röwşen geljeginiň binýadyny berkarar edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!