«Bitaraplyk parahatçylygyň, dostlugyň we durnukly ösüşiň gözbaşydyr» diýen at bilen Daşoguz şäher häkimliginiň, TMÝG-niň şäher geňeşiniň hem-de şäher medeniýet merkeziniň bilelikde guramagynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny hem-de baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýuny dabaralandyrmak maksady bilen Daşoguz şäheriniň «Ýaşlar» merkezinde geçirilen dabara ýaşuly nesliň wekilleri, dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Dabarada guralan çykyşlarda Garaşsyz Watanymyzyň BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen Bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti, halkara derejesindäki abraýy, hormatly Prezidentimiziň dünýäde parahatçylygyň hem-de durnukly ösüşiň rowaçlanmagynyň bähbidine öňe sürýän başlangyçlary dogrusynda täsirli gürrüň edildi.
Çykyş edenler dünýä halklary bilen dost-doganlygyň berkemegi, hoşniýetli gatnaşyklaryň pugtalanmagy babatda beýik işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň höwesjeň aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan türkmen hem doganlyk halklaryň aýdymlary oňa gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.