Bagtyýarlygyň buýsançly söhbedi
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Bagtyýarlygyň buýsançly söhbedi

Jemgyýet
04.04.2025  381

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Daşoguz welaýat bölüminiň bilelikde guramagynda Daşoguz welaýatynyň işjeň zenanlarynyň gatnaşmagynda «Ösüşleriň belentliklerine beslenen täze döwrüň buýsançly zenanlary» atly okuw maslahaty geçirildi. Birnäçe gün dowam eden maslahat Köneürgenç hem Saparmyrat Türkmenbaşy etraplarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Köneürgenç etrabyndaky 58-nji orta mekdepde, Akdepe hem Boldumsaz etraplarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bolsa Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäher medeniýet merkezinde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.

Okuw maslahatlarynyň dowamynda welaýat häkiminiň orunbasary, TZB-niň welaýat bölüminiň başlygy Ogulaltyn Çerkezowa, TZB-niň Merkezi geňeşiniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň müdiri Enemjan Orazowa, hünärmeni Ogulgerek Gandymowa, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň wekili Nurjemal Baýramowa, şeýle hem ilkinji zenanlar guramalarynyň ýolbaşçylary, işjeň agzalary, mährem eneler çykyş etdiler.

Çykyşlarda täze taryhy döwrümiziň buýsançly şygara beslenen şu ýylynda gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän belent sepgitleriň guwandyryjy netijeleriň zenanlaryň durmuşyna hem ýokary täsirini ýetirýändigi dogrusynda uly buýsanç bilen gürrüň edildi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň başlangyjy esasynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň indi üçünji gezek biragyzdan kabul edilmeginiň ýurdumyzyň abraý-mertebesini tutuş dünýä giňişliginde öňküden-de beýgeldýändigi, şeýle ýokary derejeli üstünlikleriň ýurdumyzyň mähriban zenanlarynyň belent maksatlaryna joşgun berýändigi barada täsirli söhbetler edildi.

Şeýle hem ýurdumyzda iň iri jemgyýetçilik guramasy bolan zenanlar guramasynyň wezipeleri, öňünde durýan maksatlary, ilkinji guramalaryň hataryny we agzalaryň sanyny artdyrmak bilen bagly wezipeler, döwrümiziň ýaňyna ses goşmakda zenanlaryň mundan beýläk hem işjeň çykyş etmekleri, ýaş nesli döwrebap terbiýelemek, ýaş gyzlar bilen geçirilmeli işler, ilkinji guramalaryň öz işlerini döwür bilen aýakdaş alyp gitmeklerinde öňde goýlan wezipeler barada jikme-jik durlup geçildi. Taryhy pursatlara utgaşyklylykda geçirilen okuw maslahatlary döwür bilen zenanlaryň gatnaşygyny pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe boldy.

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda Gahryman Arkadagymyzyň «Bereketli türkmen saçagy» atly kitabyndan ugur alnyp, türkmeniň milli naharlary bolan köjäniň, jöwen kürtüginiň, künji ýagynda palawyň, çelpegiň taýýarlanylyp görkezilmegi, Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäherinde bolsa Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Ömrümiň manysy» atly kitaplary esasynda türkmen milli el işleriniň sergisiniň giňden ýaýbaňlandyrylmagy okuw maslahatlarynyň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Ýollarymyz asuda bolsun
23.09.2025   198
Jemgyýet Bilim binýady berkidilýär
27.07.2024   474
Jemgyýet Taryhy maslahat — geljege nazar
04.08.2025   263
Jemgyýet Şanly senä bagyşlandy
03.12.2024   404
Jemgyýet Bäsleşigiň welaýat tapgyry
11.05.2024   479
Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi
16.07.2026   85
Jemgyýet Maşgala gymmatlygy — döwrüň talaby
09.04.2024   487
Jemgyýet Ak bazarlardan baýramçylyk saçaklaryna
25.12.2025   156
image