Bagtyýarlyga beslenýän günler
weather dashoguz 15° C Daşoguz

Bagtyýarlyga beslenýän günler

Jemgyýet
09.08.2025  285

Çagalary aýratyn söýgi, üns-alada bilen gurşap almak pederlerimizden miras galan gadymy däplerimiziň biridir. Häzirki wagtda güneşli Diýarymyzyň ähli künjeginde çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Tomus dynç alşa çykan mekdep okuwçylarynyň wagtlaryny şatlyk-şagalaňly geçirmekleri üçin uly alada edilýär. Bagtyýar çagalaryň göwnejaý dynç almagy, wagtlaryny şadyýan hem gyzykly geçirmekleri üçin ýurdumyzyň dürli künjeklerinde sagaldyş we dynç alyş merkezleri hereket edýär.

Ýurdumyzyň beýleki künjekleri bilen bir hatarda, Daşoguz welaýatyndaky «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi hem tomus paslynda şadyýanlyga beslenýär. Häzirki wagtda çagalar möwsümiň üçünji tapgyrynda doly derejede dynç alýarlar. Ol ýerde çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin welaýatyň jemgyýetçilik guramalary, bilim, sport bölümleri tarapyndan ýörite meýilnama esasynda dürli çäreler, sport ýaryşlary yzygiderli guralýar. Golaýda şeýle çäreleriň biri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat geňeşiniň guramagynda «Sport bilen bedenimizi taplalyň!» ady bilen sport ýaryşlary geçirildi. Çagalaryň sporta bolan höwesini artdyrmak maksady bilen guralan ýaryşa merkezde dynç alyp, saglygyny berkidýän mekdep okuwçylary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Şadyýan çagalar sportuň küşt, şaşka, woleýbol we kiçi futbol görnüşleri boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Ýaryşlaryň ýeňijilerine TMÝG-niň Daşoguz welaýat geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlary gowşuryldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Kalplary kuýaşlandyrýan kitap
11.11.2025   223
Jemgyýet Egsilmez buýsanjyň beýany
15.05.2025   339
Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi
16.07.2026   117
Jemgyýet Çagany ýaşdan...
04.06.2024   480
Jemgyýet Bäsleşigiň Daşoguz welaýat tapgyry
16.03.2026   144
Jemgyýet Halyçy zenanlaryň bäsleşigi
14.05.2025   414
Jemgyýet Işjeňligiň döwrebap nusgasy
07.09.2024   481
image