Bagtyýar zenanlaryň üstünligi
weather dashoguz 31° C Daşoguz

Bagtyýar zenanlaryň üstünligi

Jemgyýet
23.10.2025  192

Golaýda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde şanly ýylymyzy dabaralandyrmak maksady bilen, şeýle hem hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 hem-de milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy mynasybetli yglan eden «Arkadag Serdarly ösüşlere beslenen Watanyň bagtyýar zenanlary» atly bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi. Oňa Aşgabat we Arkadag şäherlerinden hem-de ähli welaýatlardan bank ulgamynda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar.

Gözel paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň binasynda geçirilen bäsleşigiň bu tapgyry ýurdumyzyň bank ulgamynda zähmet çekýän, döwletimiziň ykdysady ösüşleriniň ilerlemegine hem-de maliýe taýdan durnukly bolmagyna uly goşant goşýan zenanlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekde uly ähmiýete eýe boldy.

Bäsdeş zenanlar ýurdumyz boýunça bank ulgamynda gazanylýan üstünlikleri, ýetilen sepgitleri we şu günki günde alnyp barylýan işleri buýsançly gürrüň bermekde, ajaýyp şygarly ýylymyzy hem-de milli bank ulgamynyň ösüşlerini aýdym-sazlaryň, dessandyr gazallaryň, goşgularyň üsti bilen wasp etmekde, Gahryman Arkadagymyzyň «Bereketli türkmen saçagy» atly kitaby esasynda toý saçagyny bezäp, milli tagamlaryň taýýarlanylyşyny çeper beýan edip, türkmen myhmansöýerligini açyp görkezmekde öz başarnyklaryny görkezdiler.

Bäsleşik örän gyzgalaňly, guramaçylykly ýagdaýda geçdi. Emin agzalarynyň gelen netijesine görä, has tapawutlanyp çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» PTB-niň Daşoguz welaýat şahamçasynyň işgärler bilen işlemek boýunça baş hünärmeni Selbi Hojakowa hem-de Türkmenistanyň «Türkmenistan» DTB-niň Daşoguz welaýat şahamçasynyň dolanyşyk kassa amallary bölüminiň kassiri Şirinjemal Taýmazowa bilelikde baş baýraga mynasyp boldular. Ildeş zenanlarymyzyň bu üstünligi olaryň ezberligini doly açyp görkezdi.

 

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
11.04.2024   363
Jemgyýet Bagtyýarlykdan görklenýän obalar
04.09.2025   169
Jemgyýet Zähmete sarpanyň dabaralanmasy
13.12.2024   303
Jemgyýet Umyt uçgunlary
09.05.2025   257
Jemgyýet Sarpaly bedewler
15.04.2024   552
Jemgyýet Sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany
05.04.2025   316
Jemgyýet Milli demokratiýanyň kämillik  ýoly
18.09.2025   134
image