Bagtyýar ýaşaýşyň kepili
weather dashoguz 23° C Daşoguz

Bagtyýar ýaşaýşyň kepili

Jemgyýet
25.07.2024  370

Şanly ösüşlere, beýik ýeňişlere beslenýän ata Watanymyzda milli saglygy goraýyş ulgamynyň işi barha kämilleşdirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde, ilatyň saglyk abadançylygy üpjün edilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli saglygy goraýyş ulgamynyň halkara derejede ýola goýulmagy, ulgamyň işiniň döwrebap sanly tehnologiýalar esasynda alnyp barylmagy giň gerimli maksatnamanyň çäklerinde amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň biridir. Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda döwrebap hassahanalar, saglyk öýleri, merkezleri gurlup ulanmaga berilýär. Türkmenistanda ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejesini üpjün etmäge, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagyna amatly şertleri döretmäge gönükdirilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy, 2021 — 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýa we beýleki milli maksatnamalardyr taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

2021-nji ýylyň martynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy lukmançylyk edaralaryna we näsag çagalara hemmetaraplaýyn hemaýat etmek arkaly, bu ugurda uly işleri durmuşa geçirýär. Gaznanyň hasabyna ýurdumyzyň hassahanalarynyň çagalar bölümlerine «Tiz kömek» awtoulaglarynyň sowgat berilmegi sahawatly işleriň giň gerime eýe bolýandygynyň nyşanyna öwrüldi. Şeýle hem gaznanyň hasabyna birnäçe çagalarda çylşyrymly operasiýalaryň geçirilmegi, olaryň saglygynyň dikeldilmegi halkymyzyň ajaýyp döwrümiziň eşretlerine bolan hoşallygyny has-da artdyrdy. Milli saglygy goraýyş ulgamynda amaly lukmançylygyň tejribeleriniň halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi bilen, yzygiderli esasda kämilleşdirilmegi ýurdumyzda çylşyrymly operasiýalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär. Şeýle hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň beýleki hassahanalary bilen birlikde, Daşoguz welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynda öndürilen «Dialog+» kysymly 2 sany gemodializ enjamynyň sowgat berilmegi eneleriň we çagalaryň saglygyny goramakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Häzirki wagtda bu enjamlar ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny amala aşyrmaga ýardam edýär.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň  üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde, ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, keselleriň öňüni alyş çäreleri hem yzygiderli alnyp barylýar.  Daşoguz welaýat köpugurly we onkologiýa hassahanalarynda döwrebap lukmançylyk enjamlarynyň kömegi bilen dürli keselleriň öňüni almaga ähli mümkinçilikler döredilendir. Şeýle hem bu lukmançylyk enjamlaryna erk edýän hünärmenleriň daşary ýurtlarda kämilleşdiriş okuwlarynda bolandygyny hem aýratyn nygtamak gerek.

Ýurdumyzda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň işiniň üstünlikli ýola goýulmagy ulgamyň senagat mümkinçilikleriniň barha artýandygyny görkezýär. Döwrebap kärhananyň ilkinji önümleriniň Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasyna gelip gowuşmagy şanly ýylyň taryhy wakalarynyň birine öwrüldi.

Saglyk bagtly ýaşaýşyň, eşretli durmuşyň kepilidir. Ata-babalarymyzyň «Saglyk bolsa, beglik bolar» diýen dana pähimi her bir ynsanyň durmuş ýörelgesine öwrülendir.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Kämilligiň gözbaşy
05.11.2025   130
Jemgyýet Bagtyýarlygyň binýady
02.09.2025   173
Jemgyýet Ulgamyň beýik ösüşleri
21.07.2025   292
Jemgyýet Bäsleşik geçirildi
18.03.2024   502
Jemgyýet Baý mazmunly söhbetdeşlik
20.03.2025   409
Jemgyýet Okuw maslahaty guraldy
18.03.2024   471
Jemgyýet Şadyýan gyzjagazyň üstünligi
19.03.2024   498
image