Bagtyýar nesilleriň dilleriniň senasy
weather dashoguz 23° C Daşoguz

Bagtyýar nesilleriň dilleriniň senasy

Jemgyýet
09.12.2025  116

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Bagt köşgi» toý dabaralar merkezinde «Bitaraplyk — köňülleriň senasy, Berkarar döwletiň bagtyýar nesli» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Daşoguz welaýat häkimliginiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda geçen bäsleşik uly ruhubelentlige beslenip, bagtyýar nesilleriň ýürek buýsanjynyň beýanyna öwrüldi.

Güneşli Diýarymyzyň gül-gunçalary bolan bagtyýar çagalar dost-doganlyk halklarynyň milli lybaslarynda milli tanslary, şowhunly aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Bäsleşigiň netijesine görä, Daşoguz şäheriniň 12-nji çagalar bakja-bagynyň topary birinji, daşary ýurt dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 39-njy çagalar bakja-bagynyň topary ikinji, 15-nji çagalar bakja-bagynyň topary üçünji orunlary eýelediler. Bäsleşigiň ýeňijileri Hormat hatlary we sowgatlar bilen sylaglanyldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Geňeşli iliň döwletli ýoly
08.08.2024   361
Jemgyýet Döwrebaplygyň we gözelligiň nusgasy
16.06.2025   199
Jemgyýet Wagyz-nesihat maslahaty
18.03.2026   66
Jemgyýet «Adamzadyň arzuwy abatlyga telwasdyr!»
24.12.2025   177
Jemgyýet Sadyr
03.11.2025   192
Jemgyýet Maşgala gymmatlygy — döwrüň talaby
09.04.2024   434
Jemgyýet Söhbetdeşlik geçirildi
30.11.2024   368
image