«Bagtyýar nesilde» bagtyýar çagalar
weather dashoguz 38° C Daşoguz

«Bagtyýar nesilde» bagtyýar çagalar

Jemgyýet
25.06.2026  61

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş günleriniň şadyýan geçmegi üçin ýurdumyzyň ähli künjeginde döwrebap derejede gurlup ulanmaga berlen çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri çagalara gujagyny giňden açdy. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Bagtyýar nesil» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezi hem tomus paslynda şadyýanlyga beslenýär. Häzirki wagtda çagalar möwsümiň birinji tapgyrynda doly derejede dynç alýarlar. Bu ýerde çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat, şäher, etrap geňeşleri tarapyndan, ýörite tassyklanan meýilnama esasynda dürli döredijilik bäsleşikleri, duşuşyklar, sport ýaryşlary, gezelenç çäreleri yzygiderli guralýar.

Golaýda  TMÝG-niň Daşoguz welaýat geňeşiniň guramagynda «Arkadagyň eserleri nesillere ýörelgedir» ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini ýatda galyjy pursatlara beslemek, olaryň kitap okamaga bolan höwesini artdyrmak maksady bilen guralan döredijilik duşuşygyna merkezde dynç alýan çagalar uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Duşuşykda bagtyýar çagalar özleriniň bilýän goşgularyny ýatdan aýdyp, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Ýatdan köp goşgy aýdyp, işjeň gatnaşan çagalara TMÝG-niň Daşoguz welaýat geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Bagtyýar maşgalalaryň şatlygy
07.06.2024   392
Jemgyýet Gülleri görkana, elleri çeper
04.07.2024   408
Jemgyýet Goşa toýuň şanyna
25.06.2025   253
Jemgyýet Geňeşli iliň döwletli ýoly
08.08.2024   386
Jemgyýet Oraza tutmagyň saglyga peýdasy
13.03.2024   592
Jemgyýet Täze eýýamda nesil terbiýesi
03.10.2024   307
Jemgyýet Kanuny döwlet
05.12.2025   171
image