Bagtyýar maşgalalaryň şatlygy
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Bagtyýar maşgalalaryň şatlygy

Jemgyýet
07.06.2024  349

Iýun aýynyň toýlara beslenip gelen ilkinji günlerinde Daşoguz şäherinde 144 maşgala niýetlenen täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň birbada 8-siniň ulanmaga berilmegi ildeşlerimiziň durmuşynda taryhy waka öwrüldi. Türkmenistanyň  Prezidentiniň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygaryndan ugur alyp, bina edilýän döwrebap ýaşaýyş jaýlary bagtyýar maşgalalaryň şatlygyny goşalandyrýar.

Daşoguz şäheriniň Gülüstan şäherçesinde hem-de Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň we Alp Arslan köçesiniň ugrunda 4 sany 4 gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary toýly günleriň şatlygyny has-da artdyrdy. Ýeri gelende bellesek, döwrebap ýaşaýyş jaýlary otaglarynyň ýerleşişi taýdan amatly bolup, bagtyýar raýatlarymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri özünde jemleýär. Döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny hususy gurluşyk kärhanalarynyň alyp barandygyny uly buýsanç bilen bellemek möhümdir. «Derkar» hojalyk jemgyýeti hem-de «Ak bagt», «Nurly badalga» hususy kärhanalary tarapyndan bina edilen ýaşaýyş jaýlarynda jaý toýuny tutan bagtyýar maşgalalaryň begenjiniň çägi ýok. Biz hem toýly günlerde döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna eýe bolan bagtyýar maşgalalara «Ýurt garşy alsyn!» diýýäris. Goý, täze jaýlar rysgal-bereketli, toýly bolsun!

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Hasabat ýygnagy geçirildi
26.07.2024   420
Jemgyýet Çaý
29.07.2025   149
Jemgyýet Belent buýsanjyň nyşany
01.01.2025   271
Jemgyýet Waspy dillerde dessan
18.11.2025   95
Jemgyýet Çagalar hakdaky alada — mukaddes borç
15.07.2025   266
Jemgyýet Abadançylygyň kepili
20.09.2025   136
image