Bagtyýar durmuş - ömre dowamat
weather dashoguz 39° C Daşoguz

Bagtyýar durmuş - ömre dowamat

Jemgyýet
29.07.2026  44

Hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň her bir raýatynyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, ömür dowamlylygyny artdyrmak baradaky tagallalary welaýatymyzyň dürli künjeklerinde uzak ýaşly ynsanlaryň bagtyýar ýaşaýşynyň mysalynda çuň beýanyny tapýar. Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň Bereketli geňeşliginde ýaşaýan Anna Arazgeldiýewa döwranly döwrüň eçilen bagtyýarlygyna, Allatagalanyň ömür peşgeşine guwanyp ýaşaýan uzak ýaşly eneleriň biri. Tomsuň ikinji aýynyň ilkinji gününde Anna ene 100 ýaşy arka atdy. Öz geçen durmuş ýoly barada mährem ene şeýle gürrüň berýär:

— Şeýle bagtly günleri görerin diýip ýaşlygymda hatda göz öňüme-de getirmändim. Alla jana şükür, bagtyýar döwrümiz, bagtly günümiz bar. Abadan ýaşaýşy peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň ömri uzak bolsun, işleri rowaç alsyn!

Ömrümi ekin meýdanlarynda zähmet çekmek bilen geçirdim. Ýaşlygym hupbatly ýyllara gabat geldi. Öňki döwürler häzirki ýaly tehnika, traktor barmy?! Iki öküziň arkasyna azal daňyp, ýer sürüp, tohum sepdik, pagta ekdik. Ejem gyz maşgalanyň eli işli bolmaly diýip, kiçilikden el işlerini öwretdi. Biş-düş, içerini tämizlemek, çörek ýapmak ýaly işleriň gapdalyndan gijelerine ýatman ik egirdik, palas, haly dokadyk. Ýadamany, ýaltanmany bilmezdik.

1949-njy ýylda obadaş ýigidim Arazgeldi Saparow bilen durmuş gurdum. 4 ogly, 3 gyzy terbiýeläp ýetişdirdik.

Hudaýa şükür, 31 agtygym, 50 çowlugym bar. Häzir 3 oglum, 2 gyzym hormatly dynç alyşda. Körpe oglum Döwlet mekdepde mugallym bolup işleýär. Agtyklarym ýokary okuw jaýlarynda okadylar.

Haly, palas dokamagy öz gyzlaryma hem öwretdim. Eli hünärli gyz-gelinler her ýerde-de arzylanýar. Agtyk-çowluklarym hal-ýagdaýymy sorap, hemişe daşymda janserek. Olara halallygyň, zähmetsöýerligiň ynsana bagt getirýändigini ündeýärin diýip, ene zybanyndan dürler saçdy.

Diňe agtyk-çowluklary däl, eýsem, tutuş oba adamlarynyň Anna enäniň öwüt-nesihatlaryny, daýhançylyk barada degerli maslahatlaryny almak üçin häli-şindi gelýändigini Anna enäniň körpe gelni Bahargül gürrüň berýär. Haýyrly işlere başlananda, mährem eneden ýagşy dileglerini, ak patasyny almak oba adamlary üçin endik bolupdyr.

Bahargülüň gürrüň bermegine görä, enäniň işdäsi, görüşi, eşidişi gowy. Ene özüniň uzak ýaşyny eşretli döwrüň bolçulygy, ýurdumyzyň parahatlygy bilen baglanyşdyrýar.

Döwranly döwrümizde mukaddeslik deýin arzylanýan şeýle eneler bilen didarlaşmagyň özi bagt diýsek, ýalňyş bolmasa gerek. Dahanyndan ýagşydan-ýagşy dilegler dür bolup dökülýän enäniň uzak ýyllar neberelerine baş bolup oturmagyny arzuw edýäris.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Bilimli nesil hakynda alada
30.06.2025   284
Jemgyýet Ömrüň bahary
25.02.2025   346
Jemgyýet Dünýäniň nazaryndaky taglymat
17.11.2025   155
Jemgyýet Hukuk binýady berkidilýär
14.10.2025   172
Jemgyýet Döredijilikli işler
14.05.2026   118
Jemgyýet Bedew atyň tarypyny sözlesem...
28.03.2026   119
image