Bagtyýar çagalar wagtlaryny hoş geçirýärler
weather dashoguz 17° C Daşoguz

Bagtyýar çagalar wagtlaryny hoş geçirýärler

Jemgyýet
20.06.2025  231

Şu günler bagtyýar çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini gyzykly we täsirli geçirmeklerini gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat, etrap geňeşleri tarapyndan meýilnamalaýyn bäsleşikler hem-de ýaryşlar geçirilýär.

Şeýle ýaryşlaryň biri golaýda TMÝG-niň Akdepe etrap geňeşiniň guramagynda Daşoguz welaýatyndaky «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde kiçi futbol boýunça geçirildi. Onda «Şatlyk» we «Jeýhun» toparlary özara ýaryşdylar. Gyzykly we çekeleşikli ýagdaýda geçen bäsleşikde «Jeýhun» topary ýeňiji boldy. Ýaryşda ýeňiji bolan topara TMÝG-niň Akdepe etrap geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Tomus — 2025
20.06.2025   240
Jemgyýet Gyş günleriniň şatlygy
05.01.2026   100
Jemgyýet Akyldaryň döredijiligine bagyşlandy
20.03.2024   457
Jemgyýet «Myradym nesihat etmekdir halka»
09.07.2024   346
Jemgyýet Gurt
29.01.2026   101
Jemgyýet Täze sahna eseri
03.03.2025   332
image