Daşoguz welaýatyndaky «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi şu ýyl özüniň ajaýyp, ýatda galyjy pursatlary bilen çagalara öz gujagyny açdy. Bu ýerde çagalaryň wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin dürli oýun meýdançalary, tans zallary, kompýuter otaglary, kitaphanalar bar. Bu ýerde jemgyýetçilik guramalary tarapyndan hem dürli ýaryşlar yzygiderli guralýar. Ýakynda bu merkezde TDP-niň welaýat komitetiniň hem-de Daşoguz şäher häkimliginiň bilelikde guramaklarynda «Biz — bagtyýar çagalar» atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde çagalar sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşdylar. Olaryň arasynda woleýbol, basketbol, tanap çekmek, çekişme ýaly bäsleşikler has-da gyzykly boldy. Ýaryşlarda çagalar öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bu bäsleşik çagalarda şu ýylky dynç alyş bilen bagly ýakymly ýatlamalary galdyrdy.
Işjeň gatnaşan çagalara we ýeňiji bolan toparlara bäsleşigi guraýjylar tarapyndan höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.