Bagtly geljegiň we ösüşiň binýady
weather dashoguz 39° C Daşoguz

Bagtly geljegiň we ösüşiň binýady

Jemgyýet
11.02.2026  149

Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiň mejlisler zalynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi we ýylyň çärelerine badalga berilmegi mynasybetli, Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda «Bilim bagtly geljegiň we ösüşiň gözbaşydyr» atly maslahat we kitap sergisi geçirildi. Maslahatda Daşoguz şäherindäki 17-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Mukam Atakow, 9-njy orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary Döwletnazar Işangulyýew, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Merjen Saparowa, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Selbi Nurgeldiýewa, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň mugallymy Gülöwser Saparowa dagy ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda çykyş etdiler.

Kitap sergisinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly eserleri, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden dörän «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitaby, şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda neşir edilen dost-doganlyk, parahatçylyk baradaky edebiýatlar goýuldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Bedew batly ösüşleriň menzili
19.01.2026   141
Jemgyýet Awaza dost-doganlygyň mesgeni
29.08.2025   232
Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi
08.08.2025   202
Jemgyýet Dostlukly ýörelgeler rowaçlanýar
10.11.2025   199
Jemgyýet Ählumumy parahatçylygyň nusgalyk ýoly
30.10.2025   188
image