Bagtdan paýly körpeler
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Bagtdan paýly körpeler

Jemgyýet
03.07.2025  408

Daşoguz welaýatyndaky «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alşyň ikinji tapgyry dowam edýär. Bu ýerde çagalaryň wagtlaryny sapaly geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Merkezde guralýan aýdym-sazly dabaralaryň, dürli görnüşli sport bäsleşikleriniň baý many-mazmuny bagtdan paýly çagalaryň durmuşynda täze bir sahypany açýar. Merkeziň kitaphanasynda çagalar goşguly, gyzykly ertekili kitaplary uly gyzyklanma bilen okaýarlar. Şeýle hem bagtyýar çagalar üçin welaýatymyzyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklere, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, kitaphanalara, seýilgählere gezelençler guralýar. Tomsuň sapaly günlerinde bu merkezde dynç alýan bagtyýar çagalaryň wagtlaryny, şatlyk-şowhunly, gyzykly geçirýändiklerini olaryň şadyýan, nurana ýüz-gözlerinden, gülki seslerinden hem aňmak bolýar.

Golaýda merkezde dynç alýan çagalaryň arasynda Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň halk teatrynyň, çagalar we ýetginjekler tans, aýdym-saz we çagalar tans gurnaklarynyň höwesjeňleriniň ýerine ýetirmeklerinde çykyşlar guraldy. Höwesjeň aýdymçylaryň şirin owazly nagmalarynda parahatçylygyň, gülläp ösüşleriň, bagtyýar çagalygyň waspy ýetirildi. Ýaş ýetginjekleriň we bagtyýar çagalaryň päk kalplaryndan joşup çykan owadan aýdymlar döwre buýsanjyň beýanyny doly açyp görkezdi. Bagtyýarlygyň mukamy bolup joşan ajaýyp aýdymlar dynç alşy sapaly geçirýän çagalara ruhy lezzet paýlady.

 

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Maňlaýa sylmaly mukaddeslikler
21.01.2025   362
Jemgyýet Abadançylygyň kepili
20.09.2025   255
Jemgyýet Abadan durmuşyň kepili
10.12.2025   197
Jemgyýet Il-halkyň myrady
28.04.2026   130
Jemgyýet Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
14.10.2024   438
Jemgyýet Bitaraplyk — bagtyň şäherçesi
04.06.2026   122
Jemgyýet Gyş günleriniň şatlygy
05.01.2026   204
Jemgyýet Döwrüň rowaçlygy
26.07.2025   265
image