Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabyny bagşy-sazandalar mesgeni diýsek, megerem, öte geçdigimiz bolmasa gerek. Bu toprakda ýaşap, özüniň ajaýyp sungaty bilen meşhurlyk gazanan halypa bagşy-sazandalardan Türkmenistanyň halk bagşylary Magtymguly Garlyýew, Sapar Bekiýew, bagşylar Ryzaguly Ataýew, Gurban Seýitmämmedow, Amandurdy Babaýew, halypa sazanda Orazmyrat Gurbanýazow dagyny welaýatymyzyň aýdym-saz söýüjileri ýagşy günlerde ýatlaýarlar. Şolaryň yzysüre ýetişen Türkmenistanyň halk artisti Sähetmämmet Rejepbaýew, Türkmenistanyň at gazanan bagşylary Bäşim Ryzagulyýew, Söýün Amanow, bagşy Bäşim Mämmedow, gyjakçy sazanda Bagtyýar Tagandurdyýew dagyny şu pursat agzap geçsek ýerine düşer. Ynha, bu günki günde türkmeniň milli aýdym-saz sungatyny ösdürmekde ýene-de bir ýaş bagşy tanalyp ugrady. Oňa Çeper Myratgulyýewa diýýärler. Bu ýaş bagşy ýokarda ady agzalan etrapda dünýä inýär. Aýdym-saza bolan höwesi onda ýaşlygyndan döreýär. Geljekki bagşy heniz okuwçy ýyllarynda mekdepde geçirilýän sapakdan daşary medeni-köpçülik çärelerine yzygiderli gatnaşýar. Oňa orta mekdepde okaýarka türkmen aýdym-sazlarynyň inçe tilsimlerini Bahar Suhanowa öwredýär. Ýaş bagşy şol döwürde «Gyzlaryň», «Aý indi», «Mukamlar başy», «Gümmürlendi» ýaly meşhur aýdymlary öwrenýär. Ol orta mekdepde okamak bilen, aýdym-sazlary içgin öwrenmek hem-de öz sesini aýawly saklamak ýaly inçe syrlara aýratyn üns berýär. Şeýlelikde, Çeper Myratgulyýewa etrabyň çagalar sungat mekdebiniň bagşyçylyk bölümine aýdym-saz öwrenmäge gatnap başlaýar. Bu ýerde oňa mekdepde öwrenen zatlaryny täzeden taraşlamaga bagşy mugallym Akmyrat Gurbanmämedow hem-de Aýjemal Weýisowa dagy ýakyndan ýardam berýärler. Aýdym-saza bolan höwesi ony 2019-njy ýylda döwletimiziň mekdepleriniň arasynda geçirilen «Bitaraplyk waspy dillerde dessan» atly bäsleşige gatnaşmaga alyp barýar. Ol zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän şeýle uly bäsleşikde ikinji orna mynasyp bolýar. Ýaş bagşy Çeper Myratgulyýewada yhlas, hyjuw bar. Onuň dutary ökde çalmak, häzirki zaman hem-de halk heňlerini ussatlarça öwrenmek, dessanlary il-halka çeperleşdirip ýetirmek ýaly arzuwlary bar. Geljegine uly umyt bildirilýän ýaş bagşyny ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyk çärelerinde eli dutarly görmek bolýar. Onuň häzirki joşup aýdýan aýdymlaryny, çalýan sazlaryny diňleseň, halk dessanlaryny ýerine ýetirişine syn etseň, geljekde onuň zehinli zenan bagşy bolup ýetişjekdigine ynamyň artýar.
— Sungat adamsy örän synçy bolýar. Synçy bolmak diýmek oturan ýeriňi synlamak däl-de, özüňden öňki sungat älemindäki ägirt halypalary, at gazanyp öten sazandalary, bagşylary köp diňläp, olara meňzejek bolmakdyr. Şu ýerde ýekeje mysala ýüzleneýin. Türkmen ülkesinde özleriniň aýdym-dessanlary bilen meşhurlyk gazanan zenan bagşylar Akjagül Myradowa, Sülgün Meretgeldiýewa, Ejegül Annamyradowa, Aýgül Alyýewa, Haljan Ataýewa, Aýbibi Atahanowa, Bahar Agaýewa, Gurbangül Amanowa dagy bu günki günde giňden tanalýar. Ýaşlygymda meniň aýdym-saza bolan höwesim, öwrenen zatlarym, elbetde, yrýa gitmedi. Mundan 3-4 ýyl ozal men Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň bagşyçylyk sungaty bölümine okuwa geldim. Häzir bu mukamlar mesgeniniň ahyrky ýylynda okaýaryn — diýip, ol öz bagşyçylyk sungatyna gelşi hakda söz açýar. Bu ýerde ýaş bagşy gyz okuw jaýynyň halypa mugallymlary Söýün Amanow, Myrat Halbaýew, Göwher Ahmedowa, Gurbangeldi Söýünow ýaly iş tejribesi ýetik sungat ussatlaryndan aýdym-sazyň, bagşyçylyk sungatynyň inçe syrlaryny irginsiz öwrenýär. Ýaş bagşy häzirki zaman, halk heňlerini, olaryň döreýiş taryhy bilen birlikde, gadymy şa dessanlarymyzy ürç edip öwrenýär. Elbetde, bagşy boljak bolsaň, halypa görmeli, olaryň aýdym aýdyşyna, saz çalşyna, dessan sanaýşyna syn etmeli bolýarsyň. Eliňe dutar alyp orta çykyp, özüňe bagşy diýdirmek, elbetde, ýeňil-ýelpaý iş däl. Onuň üçin köp okamaly, köp zat öwrenmeli, halypalary yzygiderli diňlemeli. Çeper Myratgulyýewa bu zatlara oňat düşünýär. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri-de, onuň inçeden gelen gaýnawly owazy bar. Eli, barmaklary dutar perdelerinde ýeňil hereket edýär. Aýdýan aýdymlarynda owazydyr el hereketi gyjakçysy bilen deň gopýar. Häzirki wagtda ýaş bagşy halypalarynyň goldawy bilen «Göroglynyň öýlenişi», «Şasenem-Garyp» ýaly meşhur dessanlary yhlas bilen öwrenýär.