Şu gün welaýatymyzda «Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym» atly festiwal uly şatlyk- şowhun bilen badalga aldy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bu festiwalyň geçirilmegi halkyň medeni mirasyny öwrenmeklige uly üns berilýändiginiň subutnamasydyr. Dessançylyk sungatynyň gadymy mekany hasaplanýan welaýatymyzda badalga alan festiwal ýurdumyzyň dürli künjeginden gelen bagşy-sazandalary bir supra jemledi.
Festiwala gatnaşyjy myhmanlar, ir şäher bilen, Daşoguzyň demir ýol menzilinde duz-çörek bilen aýdym-sazly garşylandy. Dabaraly garşylanyşdan soňra festiwala gatnaşyjylaryň ýörişiniň Daşoguz şäheriniň «Görogly» meýdançasyndan badalga almagy aýratyn ähmiýete eýe boldy. Ýörişe gatnaşyjylar dessançy şahyryň adyny göterýän Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň öňünde ýaýbaňlandyrylan teatryň döredijilik toparynyň we welaýatyň birleşen tans toparynyň edebi-sazly çykyşlaryna tomaşa etdiler. Teatryň öňünde we onuň foýesinde halkymyzyň mili gymmatlyklarynyň, senetçilik sungatynyň, çeper elli zenanlarymyzyň el işleriniň, dokma we dokma önümleriniň, welaýatymyzyň çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň bagşy–sazandalara bagyşlanan amaly-haşam eserleriniň sergisi guraldy.
Dabara gatnaşyjylar teatryň foýesinde welaýatyň birleşen bagşylar toparynyň ýerine ýetiren «Festiwal» atly aýdymy bilen garşy alyndy. Foýede ýaýbaňlandyrylan sergide bolsa milli gymmatlyklarymyzy öwrenmekde, olary geljekki nesillere ýetirmekde we ýaýratmakda türkmen dessançy bagşylarynyň hyzmatynyň uludygy açylyp görkezildi.
«Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym» atly festiwal teatryň sungat ussatlarynyň edebi-sazly kompozisiýasy bilen açyldy. Soňra festiwalyň myhmanlaryna söz berildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow festiwaly dabaraly ýagdaýda açyp berdi. Soňra ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa çykyş edip, festiwalyň bu keremli toprakda geçirilmeginiň aýratyn ähmiýetini belledi. Dabarada çykyş edenler halkymyzyň milli medeniýetini öwrenmek, ösdürmek we wagyz etmek babatda giň gerimli işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözleri beýan etdiler. Dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň bagşy-sazandalary halk dessanlaryndan parçalary ýerine ýetirdiler.
Festiwal günüň ikinji ýarymynda welaýatyň Şabat etrabynyň Altyn ýol geňeşligindäki Dilewar oba medeniýet öýünde «Dessançy bagşylar joşa gelende» atly ylmy-amaly maslahat bilen dowam etdi. Ylmy-amaly maslahatda çykyş edenler türkmen nusgawy edebiýatynda dessanlaryň aýratyn orny eýeleýändigini, aýdymdyr kyssanyň saz bilen utgaşdyrylyp, bagşylaryň dilinde beýan edilmeginiň ähmiýetiniň we çeperçiliginiň ylmy nukdaýnazardan has giňişleýin öwrenilýändigini we geljekki nesillere ýetirilmegi babatda alnyp barylýan işleriň giň gerime eýe bolýandygyny buýsanç bilen nygtadylar.Ylmy-amaly maslahatdan soňra oňa gatnaşyjylar welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç edip, milli mirasymyzyň gymmatlyklary bilen tanyşdylar.
Günüň ahyrynda festiwala gatnaşyjylar Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda «Görogly» spektaklyna tomaşa etdiler.