Bagşyçylygyň gadymy ojagy
weather dashoguz 28° C Daşoguz

Bagşyçylygyň gadymy ojagy

Medeniýet
17.06.2024  24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimiziň galkynmagy, daşary ýurtlaryň Medeniýet günleriniň, dostluk festiwallarynyň ýurdumyzda yzygiderli geçirilmegi, Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň daşary ýurtlarda ýaýbaňlandyrylmagy, medeniýet we sungat ussatlarymyzyň dürli ýurtlarda geçirilýän festiwallara, ýaryşlara gatnaşmagy ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň halkara derejede uly üstünliklere beslenmegine ýardam edýär.

Medeniýet we sungat her bir adamda ajaýyp täsirleri galdyrýar. Daşoguz welaýaty hem bagşyçylygyň gadymy mekany hökmünde giňden bellidir. Ýurdumyzda bagşyçylyk sungatyny ösdürmäge aýratyn uly üns berilýär. Her ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň geçirilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) tarapyndan dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli medeniýetimiziň älem içre belent ykrara eýe bolýandygyny görkezýär. Gadymy Daşoguz topragy hem bagşyçylyk däbiniň giňden ýaýran mekanydyr. Aşyk Aýdyň, Babagammar ýaly beýik pirleriň mekanynda bagşyçylyk sungaty irki döwürlerden bäri gülläp ösüpdir. Pälwan bagşy, Magtymguly Garly, Nazar baga, Sapar Beki, Öre şyh, Tüýli Otuz, Aýbibi Atahanowa, Bally Mätgeldiýew ýaly ussat halypalaryň döredijilik we durmuş ýoly bagşyçylyk sungatynyň mynasyp derejede dowam etdirilendigini alamatlandyrýar.

Dessan aýtmak däbiniň halkymyzyň asylly ýörelgelerine öwrülip gitmeginde hem uly many bardyr. Bagşyçylyk sungatynyň halk arasynda giň goldawa eýe bolmagy halypalaryň nusgawy ýoly döredendigini aňladýar.

Her ýylda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden bellenip geçilmegi ildeşlerimizi diýseň buýsandyrýar. Bu özboluşly medeni forum milli sungatymyzyň täze belentliklere göterilýändigini aýdyň görkezýär.

Meňzeş habarlar

Medeniýet Döwrüň talabyndan ugur alyp
28.11.2022   26
Medeniýet Alajalar nagyş hökmünde
09.01.2023   61
Medeniýet Dost-doganlyk mukamlary ýaňlandy
17.04.2024   24
Medeniýet Magtymgululy gürrüňler
15.04.2024   29
Medeniýet Agajy işläp bejermek sungaty
02.01.2023   30
Medeniýet Teatryň toý sowgady
04.09.2023   25
Medeniýet Mirasa sarpaly Watan
21.03.2024   26
Medeniýet Şygryýet äleminiň çyragy
10.06.2024   17
image