Baglarda sahawat bar
weather dashoguz 19° C Daşoguz

Baglarda sahawat bar

Ykdysadyýet
18.03.2025  232

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 7-nji fewralynda geçirilen giňişleýin mejlisinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň ajaýyp tebigatyny has-da gözelleşdirmek, baýlaşdyrmak, şonuň ýaly-da «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegine goşant goşmak maksady bilen, 2025-nji ýylda ýurdumyzda bag ekmek hakynda Karara gol çekmegi diňe bir bagbanlaryň däl, eýsem, ähli halkymyzyň durmuşynda uly waka boldy. Resminama laýyklykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ata Watanymyzyň dürli künjeklerinde jemi 3 million düýp saýaly, miweli, pürli hem-de üzüm agaç nahallarynyň ekilmegi göz öňünde tutulyp, bu ugurdaky taýýarlyk çäreleriniň, şeýle haýyr-sahawatly işlere bagyşlanylan möwsümiň ýokary derejede geçirilmegi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiziň möhüm Karary paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň çäkleriniň tebigatynyň has-da gözel bolmagyna, ýaşyl zolaklaryň, bag-bakjaly meýdanlaryň döredilmegine gönükdirilen başlangyçlaryň häzirki döwürde ýokary depginde ösdürilýändigini, uly hyjuw bilen dowam etdirilýändigini anyk tassyklamak bilen birlikde, bu babatdaky tagallalaryň giň gerime eýe bolýandygyny alamatlandyrdy. Onuň üstünlikli ýerine ýetirilmegi netijesinde, ekilen baglar diňe bir töwerege bezeg bermän, eýsem, howanyň arassa bolmagyna, topragyň düzüminiň, ekologiýanyň gowulandyrylmagyna hem düýpli täsirini ýetirýär. Şoňa görä-de, bag nahallarynyň ýetişdirilmegine, köpçülikleýin ekilmegine şeýle uly ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň şöhratly ýylymyzda bag ekmek möwsümini guramaçylykly geçirmek babatda öňde goýýan wezipelerinden ugur alnyp, Daşoguz welaýatynyň degişli edara-kärhanalarynyň işgärleri, bagbanlary tarapyndan derwaýys taýýarlyk işleri berjaý edildi. Şeýlelikde, dürli görnüşli agaç nahallarynyň müňlerçe düýbi ýetişdirildi, olaryň ekiljek meýdanlary taýýarlanyldy. Munuň özi ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmek babatda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsidir.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Ýeralmanyň bol hasyly ugrunda
13.02.2025   231
Ykdysadyýet Ekerançylaryň yhlasly zähmeti
09.03.2026   42
Ykdysadyýet Ýaşyl meýdanlar — bol hasyldan nyşan
25.04.2024   287
Ykdysadyýet Halal gazanjyň höziri
28.11.2024   231
Ykdysadyýet Aşgabat şäheriniň gününe
20.05.2025   191
Ykdysadyýet Göwnejaý işleriň netijesi
29.01.2026   84
Ykdysadyýet Süýtli külçe
10.06.2025   177
Ykdysadyýet Tebigatyň görki — baglar
15.11.2024   227
image