Baglar —zeminiň bezegi
weather dashoguz 19° C Daşoguz

Baglar —zeminiň bezegi

Ykdysadyýet
12.02.2025  248

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bag ekmek möwsümleri yzygiderli geçirilip, tebigatyň, daşky gurşawyň, obadyr şäherleriň has-da gözel bolmagyna, howanyň tämizlenmegine uly goşant goşulýar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň golaýda geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň  Prezidentiniň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tebigatymyzy has-da baýlaşdyrmak, şonuň ýaly-da «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň» üstünlikli ýerine ýetirilmegine goşant goşmak maksadynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bag ekmek baradaky Karara gol çekmegi bu babatdaky taýsyz tagallalaryň işjeň dowam etdirilýändiginiň güwäsidir hem-de bu Karar derwaýys çäreleriň ýokary derejede guralmagyna badalga berdi. Resminama laýyklykda, şu ýylda ata Watanymyzyň  paýtagtynda we welaýatlarynda saýaly, pürli, miweli agaç nahallarynyň, üzümiň 3 million düýbüni ekmek, olara ideg etmek bellenilýär.

Belli bolşy ýaly, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrundaky möhüm başlangyçlar, taslamalar öňe sürlüp, uly işler amala aşyryldy. Şonuň netijesinde hem ýaşyl zolaklaryň, tokaýlaryň, bag-bakjaly meýdanlaryň döredilmegi üpjün edildi. Bu paýhasly ýörelgeleriň has-da rowaçlanýandygyny hormatly Prezidentimiziň şu mejlisde gol çeken Karary hem aýdyň tassyklaýar. Şonuň bilen birlikde-de, ol 2019-njy ýylda kabul edilen «Howanyň üýtgemegi baradaky Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň rejelenen görnüşinde» göz öňünde tutulan çäreleriň yzygiderli hem-de netijeli ýerine ýetirilmegine uly ähmiýet berilýändigini subut edýär.

Ýurdumyzda alnyp barylýan şeýle derwaýys işler tebigatymyzyň has-da gözelleşmegine, abadan bolmagyna, ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilýär. Bu möhüm wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegi bag nahallarynyň has köp ekilmegi, olara talabalaýyk ideg edilmegi bilen berk baglanyşyklydyr.

Ýurdumyzda her ýyl badalga berilýän bag ekmek möwsümleriniň guramaçylykly geçirilmeginiň möhüm ähmiýeti bar. Guralýan giň gerimli çärelere ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynyň bagbanlary, edara-kärhanalarynyň işgärleri, talyp ýaşlary, bir söz bilen aýdylanda, ähli ýaşaýjylary ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Şonuň netijesinde obadyr şäherlerimizde, sähradyr düzlerimizde täze baglar, ýaşyl zolaklar peýda bolýar. Munuň özi ata-babalarymyzdan miras galan bag ekmek däpleriniň, pähimli ýörelgeleriň biziň ajaýyp döwrümizde has-da rowaç alýandygyna şaýatlyk edýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýaz we güýz möwsümlerinde-de şeýle haýyrly, il-ýurt bähbitli işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine zerur şertler dörediler.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Ekişiň depgini güýçlenýär
29.03.2025   247
Ykdysadyýet Bank hyzmatlary ösdürilýär
29.05.2025   154
Ykdysadyýet Azyk bolçulygyna goşant
21.04.2026   35
Ykdysadyýet Göwnejaý işleriň netijesi
29.01.2026   84
Ykdysadyýet Bag hakda, bagban hakda
14.11.2025   119
Ykdysadyýet Gowaçalara ideg möwsümi dowam edýär
11.07.2024   332
Ykdysadyýet Isleg bildirilýän önümler
06.02.2026   95
Ykdysadyýet Sogan ekilýär
13.03.2025   247
image