Baglar — gözelligiň gözbaşy
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Baglar — gözelligiň gözbaşy

Ykdysadyýet
09.11.2024  300

Türkmenistnyň  Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, her ýyl ýaz we güýz pasyllarynda ýurdumyzda bag ekmek möwsümlerine badalga berilýär. Munuň özi ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky başlangyçlaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da işjeň dowam etdirilýändigini alamatlandyryp, şäherdir obalarymyzda müňlerçe düýp miweli, saýaly, pürli agaçlaryň nahallarynyň oturdylmagyna, şeýlelikde, daş-töweregiň, tebigatyň has-da gözel bolmagyna möhüm goşant goşulmagyna ýol açýar.

Belli bolşy ýaly, soňky ýyllaryň dowamynda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň töwereklerinde, welaýatlaryň çäklerinde bag ekmek, dürli görnüşli agaçlary ýetişdirmek boýunça uly işler amala aşyryldy. Şonuň netijesinde häzirki wagtda şol ýerlerde bag-bakjaly meýdanlar, uly baglar döräp, töwerege bezeg berýär.

Halkymyzyň paýhasly bagbançylyk ýörelgeleriniň rowaç alýan, baglara hormat-sarpanyň artýan häzirki döwründe ýurdumyzyň dürli ýerlerinde, şol sanda Daşoguz welaýatynyň çäklerinde döredilýän baglarda tejribeli bagbanlaryň mynasyp goşantlary bar. Olar özleri barada  döredilýän şertlerden peýdalanyp, şeýle uly aladalara iş bilen jogap bermegi maksat edinip, gaýratly zähmet çekýärler. Şeýle başarjaň, baglara yhlasly adamlaryň ýadawsyzlygy bilen miweli, saýaly agaçlaryň müňlerçe düýbi ösüp ýetişýär.

Daşoguz welaýatynyň bagbanlary, bag janköýerleri, ildeşlerimiziň köp sanlysy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň güýzki bag ekmek möwsümine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görýärler. Häzirki günlerde bag nahallarynyň oturdyljak meýdanlary ýene-de bir gezek gözden geçirilýär, dürli görnüşli agaç nahallary taýýarlanylýar. Bu işler bag ekmek möwsüminiň guramaçylykly alnyp barylmagyna mümkinçilik berer.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
15.11.2024   275
Ykdysadyýet Galla oragynyň depgini ýokary
17.06.2026   56
Ykdysadyýet Datly önümler il saçagyna
04.12.2025   178
Ykdysadyýet Gowaçalara ösüş suwy tutulýar
15.07.2024   333
Ykdysadyýet Ýaşyl meýdanlardaky yhlasly zähmet
12.07.2025   231
Ykdysadyýet Hereketde bereket bar
30.09.2025   171
image