Baglar durmuşyň bezegidir
weather dashoguz 26° C Daşoguz

Baglar durmuşyň bezegidir

Ykdysadyýet
13.05.2025  198

Tejribeli bagbanlaryň göreldesine eýerip, döwrüň ösen tehnologiýalaryndan ýerlikli peýdalanýan, az ýerden köp hasyl we girdeji alýan bagbanlaryň sany hem barha artýar. Bu bolsa etrapda bagçylygyň giň gerim alýandygyny görkezýär. Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň bagbanlary hem täze taryhy döwürde döredilýän giň mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda-da bazarlarymyzy dürli miwe önümleri bilen üpjün edýärler. Miwe önümleriniň öndürilişiniň mukdaryny artdyrmakda etrabyň «Akgala» daýhan birleşiginiň bagbanlarynyň nusgalyk işleri bilen tapawutlanýandyklaryny bellemek ýakymlydyr.

Hojalykda bagbanlaryň 134-si 172 gektar ýerde dürli görnüşli miweli agaçlara ideg edip, olardan ýylyň-ýylyna bol hasyl alýarlar. Olardan Myratbaý Aşyrow, Zafar Erimbetow, Sapargylyç Gylyjow, Sabur Haýtekow, Kakabaý Kakabaýew dagy uzakmöhletleýin kärendesine alan ýerlerinde alma, armyt, garaly, ülje, erik agaçlaryny has köp ösdürip ýetişdirýärler.

Şu günler daýhan birleşiginde miweli baglaryň ideg işleri gyzgalaňly dowam etdirilýär. Şonda baglaryň hatar aralary ýumşadylyp, mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär, olara zyýankeşlere garşy derman sepilýär hem-de baglaryň daş-töweregi haşal otlardan doly arassalanylýar. Şu günlerde miweli baglar siňňitli suwarylýar. Umuman, akgalaly bagbanlar miweli agaçlary idetmegiň talaplaryny doly berjaý edýärler. Munuň özi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bagbanlaryň bereketli miwe hasylyny ýetişdirjekdiklerine ynamy berkidýär.

 

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Gowaça ekişi — jogapkärli wezipe
11.03.2025   217
Ykdysadyýet Hususy kärhananyň batly gadamlary
13.01.2025   248
Ykdysadyýet ​​​​​​​Bank ulgamy
27.02.2025   243
Ykdysadyýet Meýdanlara görk berýän maýsalar
15.11.2025   107
Ykdysadyýet Daýhan yhlasynyň ajaýyp netijeleri
28.07.2025   164
Ykdysadyýet Gowaça bejergisi güýçli depginde
18.06.2024   294
Ykdysadyýet Tebigatyň görki — baglar
15.11.2024   227
Ykdysadyýet Geň galdyrýan ösümlikler
17.11.2025   126
image