Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň bagbanlary miwe önümleriniň öndürilişini artdyrmak ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Bu ugurda etrabyň «Akgala» daýhan birleşiginiň bagbanlarynyň nusgalyk işleri bilen tapawutlanýandyklaryny bellemek ýakymlydyr. Hojalygyň 134 sany kärendeçi bagbany 172 gektar ýerde dürli görnüşli miweli agaçlara ideg edip, olardan ýylyň-ýylyna bol hasyl ýygnaýarlar. Olardan Myratbaý Aşyrow 2,6, Zafar Erimbetow 2,3, Sapargylyç Gylyjow 2, Sabur Haýtekow 2, Rustam Urazbaýew 1 gektar kärende ýerlerinde alma, armyt, garaly, ülje, erik agaçlaryny has köp ösdürip ýetişdirýärler.
Daýhan birleşiginiň bagbanlary miweli agaçlary idetmegiň talaplaryny göwnejaý berjaý edýärler. Şu günler hojalyklarda bişip ýetişen miweleriň bol hasyly ýygnalýar. Dürli miwe önümleri terligi bilen etrabyň söwda nokatlaryna hem-de Daşoguz şäheriniň bazarlaryna ugradylýar.