Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir ýylynyň ýaz hem-de güýz möwsümlerinde bag ekmek dabaralary guralyp, bu babatdaky möhüm çärelere badalga berilýär. Munuň özi ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek barada başlangyçlaryň işjeň dowam etdirýändiginiň alamatydyr. Bu barada Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň Babadaýhan geňeşliginiň ýaşaýjysy, tejribeli bagban Araznepes Rejebow bilen söhbetdeş bolduk.
— Ýurdumyzda her ýyl bag ekmek çäreleriniň giň gerim almagy ähli halkymyzyň hatarynda biz — bagbanlary-da örän guwandyrýar. Çünki şeýle derwaýys işler ata-babalarymyzyň paýhasly ýörelgeleriniň häzirki ajaýyp döwrümizde has-da rowaçlanýandygyna şaýatlyk etmek bilen birlikde, gözel tebigatymyzyň baýlaşmagyna, howamyzyň arassa, daş-töweregimiziň abadan bolmagyna şert döredýär. Mundan başga-da, olaryň ildeşlerimizi, aýratyn hem ýaşlarymyzy bag ekmeklige, agaç ýetişdirmeklige, bagbançylyk kärine höweslendirmekde ähmiýeti örän uludyr. Şu zatlary nazara almak bilen, biz hem bu möhüm çärelere her ýyl yhlas bilen gatnaşmaga çalyşýarys. Şeýlelikde, öz bagymyzda-da, ondan daşarda hem ençeme köp işleri alyp barýarys. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrundaky işlere ýakyndan ýardam bermek her bir bagbanyň borjy hasap edilýär. Şonuň üçin hem biz, ýaşlara el kömegini-de, gerekli maslahatlary-da berýäris. Şeýdip, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda halypa-şägirtlik ýörelgesini rowaçlandyrmak baradaky başlangyjynyň amala aşyrylmagyna ýardam edýändigimize guwanýarys..
Biziň bu ýerdäki jemi 4 gektar meýdany tutýan bagymyzda hem işler ýylyň dowamynda gidip dur. Aslynda, bagbançylykda aladanyň gutarýan wagty ýok diýsek dogry bolar. Sebäbi miweli, saýaly agaçlaryň idegi köp zähmeti talap edýär. Ýeri gelende aýtsak, bagymyzda miweli agaçlaryň 20-ä golaý görnüşi ösýär. Olaryň arasynda alma, erik, alça, garaly, şetdaly, armyt we beýleki miweli agaçlar bar. Bu agaçlar ýylyň-ýylyna bol miwe berýärler. Bolsa-da, şetdalynyň bu ýerdäki görnüşleri daşky alamatlary hem-de süýjüligi bilen başgalardan örän tapawutlanýar. Ýene-de şu görýän balhy tutlaryňyz hem şonuň ýaly. Aslynda, balhy tuduň çigidiniň bolmaýandygyny bilýänsiňiz. Özem olaryň miwesi üç tolkunda bişýär. Beýle diýdigim, onuň miwesi üç dürli, birinji maýdarak, ikinjisi ondan iriräk, üçünjisi has tokarrak bolýar. Balhy tuduň süýjüligi gadymy dessanlarda, rowaýatlarda hem wasp edilen. Ýöne özüni iýip görseň, olar hem bärden gaýdypdyr diýdirýär. Biziň bagymyzda şeýle tutlar hem bar...
Bol hasylly bagy kemala getirmek üçin, ilki bilen, anyk nahal gerek. Sebäbi ekýän nahalyň anyk bolmasa, onuň ýetişensoň bol miwe berjeg-ä däl, iň bärkisi düýp tutjagy-da gümana. Şonuň üçin nahaly özüň ýetişdirseň gowy bolýar. Biziň hem munuň üçin niýetlenilen kiçeňräk meýdançamyz bar. Her ýyl onda özümize-de, sorag-ideg edip gelýänlere-de ýeter ýaly nahal ýetişdirýäris. Nahaly ýaş wagtynda sapsaň, miwesi-de bereketli bolýar, kesel-beýlekä-de çydamlylygy ýokarlanýar. Ony sapmagyň hem belli möhletleri bar. Ýöne bagyň şeýle aladalaryndan gaçmasaň, ol zähmetiňi ýerine salýar. Gadymkylar bagy gözli çeşme hasaplapdyrlar. Bu häzir hem şeýledir.