Bag ekmek möwsümine taýýarlyk
weather dashoguz 39° C Daşoguz

Bag ekmek möwsümine taýýarlyk

Ykdysadyýet
13.03.2025  301

Türkmenistanyň  Prezidentiniň «Türkmenistanda 2025-nji ýylda bag ekmek hakynda» kabul eden Karary ençeme ýyllardan bäri dowam edip gelýän asylly ýörelgä eýerilip, ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegi, mähriban Diýarymyzyň ekologiýa abadançylygynyň gowulandyrylmagy babatdaky möhüm işlere badalga boldy. Şondan ugur almak bilen, şu ýyl Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etraby boýunça 45 müň düýp bag nahallaryny, şol sanda saýaly agaçlaryň 18 müň, pürli agaçlaryň 2 müň, tut agaçlarynyň 16 müň, miweli agaçlarynyň 9 müň düýbüni ekmek meýilleşdirildi. Häzirki wagtda etrabyň çäklerinde bag ekmek möwsümine ykjam taýýarlyk görülýär. Etrapda bagbançylyk işi bilen meşgullanyp, ata-baba kesp-kärlerini mynasyp dowam etdirýän bagbanlaryň köp sanlysy bar. Bu bagbanlar her ýylda bag meýdanlaryny giňeltmek, dürli görnüşli bag nahallarynyň müňlerçe düýbüni taýýarlamak işlerini ýokary guramaçylyk derejesinde alyp barýarlar.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Bugdaý ekişiniň depgini ýokary
22.10.2025   177
Ykdysadyýet Maldarçylykda jogapkärli döwür
01.04.2026   107
Ykdysadyýet Hususy kärhananyň ýokary hilli önümleri
07.03.2025   284
Ykdysadyýet Gowaça ekişine taýýarlyk
01.03.2025   276
Ykdysadyýet Hususy kärhananyň batly gadamlary
13.01.2025   318
Ykdysadyýet Abatlaýjylaryň yhlasly zähmeti
20.01.2026   126
Ykdysadyýet Bol pile hasyly ugrunda
07.05.2025   214
Ykdysadyýet Hatarara bejergi geçirilýär
01.05.2024   366
image