Azyk bolçulygyna goşant
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Azyk bolçulygyna goşant

Ykdysadyýet
21.04.2026  135

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň dürli görnüşli azyk önümleri bilen talabalaýyk üpjün edilmegini gazanmak ugrunda alnyp barylýan işlere telekeçiler hem saldamly goşant goşýarlar. Olaryň öndürýän ýokary hilli önümleri bazarlaryň, söwda merkezleriniň haryt bolçulygyny artdyryp, köpçüligiň uly isleginden peýdalanýar. Bu babatda giňden tanalýan telekeçilik kärhanalarynyň, hususy önüm öndürijileriň onlarçasy biziň welaýatymyzda hem hereket edýär.

Şeýle kärhanalaryň biri-de, Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Diýar geňeşliginiň çäginde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Genç» hojalyk jemgyýetidir. Ol indi ençeme ýyllardan bäri halkymyzyň has köp isleg bildirýän önümleriniň hatarynda durýan ary balyny öndürmek bilen meşgullanýar. Munuň şu geçen döwürde oňat netijeleri berip, kärhananyň tutuş ýurdumyzda hem uly abraýa eýe bolmagyna getirendigini aýtmak gerek.

Bu telekeçilik kärhanasynyň ýolbaşçysy Fahreddin Ýakubowyň aýtmagyna görä, ol mundan 30 ýyldan gowrak ozal hususyýetçi hökmünde ary balyny öndürmeklige başlapdyr. Ondan bäri geçen döwrüň dowamynda bu ugurda toplanylan ýeterlik tejribe önümçiligi has-da giňeltmeklige şert döredipdir. Şunlukda, onuň hususy önümçiligi Gahryman Arkadagymyzyň çäksiz goldawlaryndan, telekeçiler üçin açan mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanylmagynyň netijesinde 2020-nji ýylda hojalyk jemgyýetine öwrülipdir. Häzirki wagtda, ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly, bu kärhana öz ugry, ýagny ary balyny öndürmek boýunça welaýatymyzyň çäklerinden daşarda-da giňden tanalýar.

Häzirki döwürde kärhananyň 1500-den gowrak bal aryly gutusy bar. Beýle diýildigi, şol gutularyň hersinde bir ýa-da iki ary maşgalasy bolup, olaryň jemi sanynyň 2 müňe golaýlaýandygyny aňladýar. Her bir ary maşgalasynyň ýylda ortaça 20 kilogram bal bermäge ukyplydygyny nazara alanyňda, bu ýerde agzalan wagtda 3-4 tonna bal öndürmäge mümkinçiligiň bardygyna göz ýetirmek mümkin. Ýöne ýylyň gelşi, howa ýagdaýlary, otlaryň, ekinleriň bitginligi bilen baglanyşyklylykda, önümiň mundan has köp öndürilýän ýyllary-da bolýar.

Kärhananyň önümçilik bölüminde daşary ýurtlardan getirilen kämil enjamlar, täze tehnologiýalar ornaşdyrylypdyr. Olaryň kömegi bilen arylardan alynýan balyň hilini barlamak, bellenilen görnüşlere getirmek, taýýar önümi dürli ölçegdäki gaplara gaplamak ýaly işler ýerine ýetirilýär. Şonda olaryň takyk hem-de talabalaýyk derejede bolmagy esasy meseleleriň biri bolup durýar. Çünki häzirki wagtda bazar gatnaşyklarynyň şertlerinde önümiň hili, daşky bezegi, bahasynyň elýeterli bolmagy hyrydarlary aýratyn gyzyklandyrýar.

Şeýle derwaýys işleri göwnejaý berjaý etmekde bu ýerde zähmet çekýän 20-ä golaý işçi-hünärmenleriň ählisiniň hem uly goşantlarynyň bardygyny bellemek zerurdyr. Sebäbi olar ary maşgalalaryny welaýatymyzyň agzalan künjeklerinde ýerleşdirmekden başlap, ýygnalan baly şertnama baglaşylan ýerlere ugratmaklyga çenli aralykdaky hemme çärelere işjeň gatnaşýarlar. Bu bolsa kärhananyň gazanýan ösüşlerinde, eýe bolýan netijelerinde uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Hususy kärhananyň ýokary hilli önümleri
07.03.2025   293
Ykdysadyýet Päk zähmetiň belent hormaty
08.11.2025   182
Ykdysadyýet Ýaşyl meýdanlardaky yhlasly zähmet
12.07.2025   259
Ykdysadyýet Bereketli hasylyň binýady
04.01.2025   308
Ykdysadyýet Zeminiň ýaraşygy
17.03.2026   163
Ykdysadyýet Bank hyzmatlary döwrebaplaşdyrylýar
17.07.2024   462
Ykdysadyýet Ak pagta — milli baýlygymyz
12.09.2024   370
image