Aýlaryň serweri
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Aýlaryň serweri

Jemgyýet
09.03.2024  522

Kalby haýyrly işlere yhlasdan, ýagşy niýet-pälden doly merdana halkymyz ýene-de bir aýy — mukaddes Oraza aýyny garşy alýar. Aýlaryň serweri hasaplanýan bu mukaddes aýyň gelendigini buşlap, şadyýan çagalaryň ýürek buýsançlaryna garyp aýdýan ýaremezanlary her bir türkmen ojagyna bagtyň şuglasyny, ruhy galkynyş eçilýär.

Remezan aýynda adamlar oraza tutmak bilen ybadaty berjaý edýärler, kalplaryny arassalaýarlar, ýaramaz endiklerden saklanýarlar, nebsine buýurmaga, gep-gybatlardan, erbet işlerden daşda durmaga çalyşýarlar. Adamlar agyz beklemek bilen, beden saglygyny gazanýarlar. Mukaddes aýyň dowamynda agzaçar sadakalary berlip, ýagşy doga-dilegler edilýär, adamlar bir-birege has ýakynlaşyp, köňül maksatlarynyň bitewüligini gazanýarlar. Bu mukaddes aýyň soňky günlerinde keramatly Gadyr gijesiniň bolmagy, birek-birege ýagşydan-ýagşy arzuw-dilegler aýdylyp, ruhy päkligiň gazanylmagy aýyň özboluşly aýratynlyklarynyň biri bolup durýar.

Mukaddes Oraza aýynda etjek ýagşy doga-dilegleriňiz kabul bolsun, mähriban ildeşler!

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Sagdyn durmuş ýörelgesi wagyz edildi
06.08.2024   385
Jemgyýet Geňeşli iliň döwletli tutumy
19.08.2024   408
Jemgyýet Ählumumy parahatçylygyň nusgalyk ýoly
30.10.2025   221
Jemgyýet Ýylyň okyjysy
03.01.2025   407
Jemgyýet Agzybirligiň we ösüşiň gözbaşy
22.08.2026   88
Jemgyýet Kanunlaryň talaplary düşündirildi
07.05.2026   143
Jemgyýet Awazanyň sapaly goýnunda
12.11.2024   413
Jemgyýet Döwürden galkynýan obalar
31.03.2026   137
image