Aýgytly günleriň aladalary
weather dashoguz -8° C Daşoguz

Aýgytly günleriň aladalary

Ykdysadyýet
06.08.2024  37

Pagtaçy daýhanlar awgust aýyny gowaçalara hyzmat etmekde iň aýgytly, derwaýys döwür hasaplaýarlar. Çünki olar bu döwürde amala aşyrylan her bir çäräniň atyzlarda emele gelýän hasyla hasyl goşup, güýzde harmanlaryň has belent bolmagyna ýardam berýändigini öz tejribelerinden oňat bilýärler. Şonda hatar aralary ýumşadylyp, kadaly iýmitlendirilip, endigan suw berlen gowaça düýpleri gül-gunça, doluşan köreklere basyrynyp, munuň şeýle bolmagyny üpjün edýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň oba hojalyk pudagynyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, pagtaçylygy ösdürmek baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesinde döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmaga çalyşýan Daşoguz welaýatynyň kärendeçileri, daýhan hojalyklarynyň agzalary, mehanizatorlary şu günleriň gymmatly pursatlaryny gowaçaly meýdanlarda geçirmek bilen, ýadawsyz zähmetiň nusga bolarlyk göreldesini görkezýärler. Şeýlelikde, olaryň agzybirlikli, yhlasly aladalary bilen gurşalan ekinleriň ösmegine, hasyl toplamagyna ýol açylýar. Bu bolsa welaýatyň zähmetsöýer babadaýhanlarynyň häzirki dowam edýän, şan-şöhrata beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 140 müň gektar meýdanda «ak altynyň» bereketli hasylyny ýetişdirip, ata Watanymyzyň belent harmanyna mynasyp goşant goşjakdyklarynyň alamatydyr.

Belläp geçişimiz ýaly, häzirki günlerde welaýatyň ähli künjeklerinde esasy üns gowaça meýdanlaryna gönükdirildi. Şonda şeýle öndürijilikli barýan meýdan işlerine gatnaşýan hünärmenleriň, pagtaçy daýhanlaryň haýsy biri bilen söhbetdeş bolsaň hem öz jogapkärçiligine, öňünde goýlan wezipä pugta düşünip, döwrüň talaby bilen deň gadam urmagyň hötdesinden gelýändigine göz ýetirýärsiň. Munuň özi olaryň ählisiniň pikir-hyýalynyň bir maksada jemlenendigini aňladýar.

Welaýatyň Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň  kärendeçi daýhanlary şu ýyl 7300 gektar meýdanda gowaçanyň bereketli hasylyny kemala getirmek ugrunda iş alyp barýarlar. Olaryň agzybirlikli zähmetiniň netijesinde, gowaça meýdanlarynda şu wagta çenli bejergi işleriniň köp bölegi talabalaýyk ýerine ýetirildi. Şonda gowaça meýdanlaryna birnäçe gezek ýerli hem mineral dökünler, ösüş suwy berildi. Olar bu işleri hasyl ýygymyna girişilýänçä dowam etdirmegi meýilleşdirýärler. Sebäbi bu üns-alada atyzlardaky berekediň has-da artmagyna düýpli ýardam berýär.

Paýdarlar jemgyýetiniň gowaça meýdanlarynda häzirki peýda bolan görnüşler şeýle sazlaşykly, guramaçylykly işleriň hakykatdan hem göwnejaý netijeleri berendigini anyk tassyklaýar. Çünki bu ýerde gyradeň ösüp, saldamly hasyl toplaýan gowaça düýpleri her bir adamyň gözüni dokundyryp, onda yhlasly zähmete aýratyn guwanç döredýär.

Boldumsaz etrabynyň Guwanç Atamedow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçileri hem şu ýyl 1400 gektar meýdanda gowaçanyň kadaly gögerişini gazanmak bilen, häzirki wagta çenli olaryň oňat boý almagyna, hasyl toplamagyna oňaýly şertleri döretmegi başardylar. Munuň şeýle bolmagyna daýhan birleşiginiň çäklerinde gowaça bejergisine ähli güýjüň öz wagtynda gönükdirilmegi ýardam edipdir.

Häzirki döwürde pagtaçy daýhanlaryň esasy aladalarynyň biri-de gowaçanyň zyýankeşlerden ygtybarly goragyny üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Şonuň üçin hem welaýatyň ähli etraplarynda hereket edýän biokärhanalaryň işçi hünärmenleri gije-gündiziň dowamynda atyzlara gözegçilik edip, zerur bolan bioönümleri öndürip, bu ugurda zerur çäreleri durmuşa geçirýärler. Bu babatda Akdepe, Köneürgenç, Boldumsaz we beýleki etraplarda işleriň has-da guramaçylykly barýandygyny bellemek bolar. Şeýlelikde, hasylyň bereketli bolmagyna olaryň goşýan goşandy hem az däl.

Öňde tomsuň ahyrky aýy, ýagny gowaça bejergisiniň möhüm döwri dur. Bu aýyň her bir gününden, pursadyndan öndürijilikli peýdalanylmagy altyn güýze uly umytlar, belent harmanlara bolan berk ynam bilen barmagyň esasy şerti bolup durýar. Şonuň üçin hem bu gün atyz-meýdanlarda ene topraga, has takygy, her düýp gowaça yhlas siňdirýän adamlaryň çekýän ýadawsyz zähmeti belent hormata mynasypdyr.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Obanyň özgerýän keşbi
03.07.2024   67
Ykdysadyýet Halal gazanjyň höziri
28.11.2024   27
Ykdysadyýet Sanly ykdysadyýetde gazanylýan ösüşler
23.01.2023   56
Ykdysadyýet Gowaçalara ideg möwsümi dowam edýär
11.07.2024   79
Ykdysadyýet Pagtaçy daýhanlaryň üstünligi
04.10.2024   37
Ykdysadyýet Harman barha beýgelýär
22.05.2024   61
Ykdysadyýet Ýazdaky hereket — güýzdäki bereket
28.03.2024   56
Ykdysadyýet Yhlasly zähmetiň netijesi
10.08.2024   37
image