Aýgytly günlerdäki yhlasly zähmet
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Aýgytly günlerdäki yhlasly zähmet

Ykdysadyýet
11.06.2026  66

 «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň gowaça ekişi möwsümini talabalaýyk geçirmek bilen, kadaly gögeriş gazanan Daşoguz welaýatynyň pagtaçy daýhanlary häzirki günlerde ekinlere ideg etmek boýunça derwaýys çäreleri ýokary depginlerde alyp barýarlar. Şeýlelikde, giň meýdanlarda öz wagtynda ýekelenilip, haşal otlardan arassalanylyp, hatar arasy ýumşadylyp, goşmaça iýmitlendirilýän gowaçalar günsaýyn ösýär. Munuň şeýledigini Boldumsaz etrabynyň Guwanç Atamedow adyndaky daýhan birleşiginiň ekin meýdanlaryndaky görnüşler hem tassyklaýar. Çünki bu ýerde hem kärendeçi daýhanlaryň, mehanizatorlaryň ýadawsyz zähmetleri bilen gurşalyp, idegi ýetirilýän gowaçalar aýratyn ünsi çekýär.

Daýhan birleşiginiň baş agronomy Begmyrat Satymowyň aýtmagyna görä, hojalykda bellenilen möhletlerde ekiş geçirilen 1400 gektar meýdanda gowaçadan oňat gögeriş alnypdyr. Gowaça ekişinde daýhan birleşiginiň öňdebaryjy kärendeçilerinden Orazgül Saparowa, Serdar Allabergenow, Suhanberdi Allaýew, Merdan Jumanow, ezber mehanizatorlardan Rüstem Ataşow, Halnazar Owlakow, Durdymyrat Dokbaýew we beýlekiler aýratyn tapawutlanypdyrlar. Şeýlelikde, daýhan birleşiginiň ähli gowaça meýdanlaryna gözegçilik edýän 400-e golaý pagtaçy kärendeçileri, ýokarda hem nygtaýşymyz ýaly, häzirki günlerde gowaça bejergisini öndürijilikli dowam etdirýärler.

— Birleşigimiziň ähli kärendeçiler toparlarynda-da gowaça bejergisi oňat depginler bilen barýar — diýip, baş agronom aýtdy: — Bu babatda Bekmyrat Gurtgeldiýew, Ýagmyr Meredow, Merdan Gazakow dagynyň ýolbaşçylyk edýän 2,5,6-njy kärendeçiler toparlarynyň agzalarynyň has hem tapawutlanýandyklaryny belläp geçmek ýerlikli bolar. Çünki olaryň yhlasy bilen gowaçalara ideg etmekdäki her bir zerur çärä öz wagtynda girişilip, onuň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi gazanylýar.

6-njy kärendeçiler toparynyň Merdan Gazakow ýolbaşçysy şu ýyl ähli agzalar bolup jemi 60 gektara gowaça ekendiklerini, olarda hatasyz gögeriş alynmagynyň kärendeçi daýhanlaryň ruhuny has hem belende göterendigini, munuň gowaça bejergisine köpçülikleýin girişip, onuň depginini bada-bat artdyrmaga mümkinçilik berendigini belledi. Bu barada aýdylanda,şu toparyň zähmetsöýer agzalaryndan Serdar Durmedowyň 4, Esengeldi Orazowyň 2, Mährijemal Amanowanyň 2 gektar kärende meýdanlarynda gowaçalara has oňat ideg edilýändiginiň daşyndan hem anyk görnüp durandygyny aýdyp geçmek zerurdyr.

Elbetde, toparyň agzalarynyň gowaçalarynyň şeýle ösüş depginine eýe bolmagyna bu ýerde hatarara bejergi işlerini geçirýän mehanizatorlar Batyr Aşyrowyň, Bäşim Saparowyň hem uly goşant goşýandyklaryny topar ýolbaşçysy uly guwanç bilen belleýär. Çünki şeýle möhüm ugurda ýeterlik iş tejribesi bolan bu mehanizatorlar diňe bir iş möçberine däl-de, onuň hiline hem aýratyn üns bermek bilen, kärendeçi daýhanlaryň hoşallygyna mynasyp bolýarlar.

 

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet ​​​​​​​Bank ulgamy
27.02.2025   294
Ykdysadyýet Sürüm işleri geçirilýär
11.07.2024   326
Ykdysadyýet Şalynyň bereketli hasyly
17.10.2024   293
Ykdysadyýet Şaly hasyly ýygnalýar
16.10.2024   311
Ykdysadyýet Ak ýol bolsun, «ak kerwen!»
10.09.2025   211
Ykdysadyýet Ak pagta — milli baýlygymyz
12.09.2024   338
Ykdysadyýet Telekeçilik ulgamynyň rowaçlyklary
22.07.2024   325
Ykdysadyýet Hususy kärhananyň batly gadamlary
13.01.2025   303
image