Daşoguz welaýatynyň pagtaçy daýhanlary tomsuň ahyrky aýynyň her bir gününiň gowaçanyň bereketli hasylyny kemala getirmekde uly ähmiýetiniň bardygyndan ugur alyp, häzirki wagtda özleriniň gözegçilik edýän meýdanlarynda derwaýys bejergi işlerini ýokary depginlerde dowam etdirýärler. Şonuň bilen birlikde-de, olar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň pagta ýygym möwsümine ykjam taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly çäreleri giňden ýaýbaňlandyryp, ýetişdirilen hasyly çalt hem-de ýitgisiz ýygnap almaga doly şert döretmäge çalyşýarlar. Şeýlelikde, zähmetsöýer kärendeçileriň, daýhan hojalyklarynyň agzalarynyň häzirki döwrüň gymmatly pursatlaryndan ýerlikli peýdalanyp, gazanýan netijeleri aýratyn guwandyrýar.
Bu barada gürrüň edilende, welaýatyň Görogly etrabynyň «Ýagtylyk» daýhan birleşiginiň kärendeçileriniň amala aşyrýan işleri hem hormat bilen bellenilmäge mynasypdyr. Çünki olar şan-şöhrata beslenýän şu ýylymyzda ene toprakdan saldamly «ak altyn» hasylyny öndürmegi maksat edinip, joşgunly zähmet çekýärler. Şeýle agzybirlikli, arkalaşykly aladalaryň berýän netijeleri bolsa, olaryň gül-gunçalary, ýetişen körekleri bilen ünsi çekýän bitgin gowaçaly meýdanlarynda aýdyň görünýär.
— Şu ýylyň baharynda birleşigimiz boýunça 1780 gektar meýdana gowaça ekildi — diýip, daýhan birleşiginiň baş agronomy Gulmyrat Taýlyýew aýdýar: — Şunlukda, olarda kadaly gögeriş gazanylyp, bejergi işlerine hem öz wagtynda girişildi. Şonuň netijesinde, ýekeleme, otag işleri, olardan soňky çäreler bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilip, gowaçalaryň göwnejaý ösüşi üpjün edildi. Bu hem olaryň bol hasyl toplamagyna ýol açyp, meýdanlarymyzyň häzirki görnüşe gelmegine mümkinçilik berdi.
Belli bolşy ýaly, daýhan birleşiginde 18 sany kärendeçiler topary hereket edip, olar 800-den gowrak pagtaçyny özlerine birleşdirýär. Bu toparlara Bilbil Gurbanowa, Güýçgeldi Ataýew we oba hojalyk işlerinde ýeterlik tejribesi bolan beýleki adamlar ýolbaşçylyk edýärler. Soňa görä-de, her bir toparda gowaça ekişine taýýarlykdan başlap, ähli işleriň guramaçylykly alnyp barylmagy bilen, şeýle oňat netijeler gazanylýar. Çünki gowaçanyň bereketli hasylyny ýetişdirmek derwaýys çäreleriň sazlaşykly, utgaşykly alnyp barylmagyny talap edýär. Bu hem köp derejede guramaçylyga bagly bolup durýar.
Ýokarda aýdyşymyz ýaly, birleşikde pagtaçy kärendeçileriň uly topary zähmet çekýär. Olaryň ençemesiniň gowaçalara ideg etmekde, kemala getirilen hasyly öz wagtynda ýygnap, Watan harmanyna goşmakda ýylyň-ýylyna köplere görelde bolmagy başarýandyklaryny-da bellemek gerek. Şeýle ezber pagtaçylaryň hatarynda Ogulsoltan Gylyçnepesowanyň, Agamyrat Baýjanowyň, Aýna Gummanowanyň, Serdar Baýlakowyň atlaryny tutmak bolar. Sebäbi olaryň öz gowaça meýdanlaryndan şu ýylyň güýzünde hem bereketli hasyly ýygnap, uly üstünliklere eýe boljakdyklaryna ynamy bar. Muny olaryň häzirki döwürde boýdan-başa hasyla duran gowaçalary tassyklaýar.
Elbetde, gowaçalaryň hatar arasyny ýumşatmak, olary iýmitlendirmek babatda mehanizatorlaryň bitirýän hyzmatlarynyň ähmiýeti uludyr. Şonuň üçin hem bu daýhan birleşiginde-de olara aýratyn bil baglanylmagy ýöne ýere däl. Şeýle ynamy ödemäge çalyşmak bilen, kärendeçi daýhanlaryň hoşallygyna mynasyp bolýan mehanizatorlardan Amandurdy Amanmedow, Daýanç Kösäýew, Nurýagdy Böriýew dagy barada öwgüli sözler aýdylýar. Çünki olar her bir işiň diňe bir öndürijiligine däl, eýsem, onuň hiline-de uly üns berip, şeýle uly abraý-hormata eýe bolýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda pagtanyň öndürilişini artdyrmak barada öňde goýýan wezipeleri, olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine döredýän şertleri hojalygyň kärendeçi daýhanlaryny hem gaýratly zähmet çekmäge, belent sepgitlere ýetmäge ruhlandyrýar. Olaryň yhlasly zähmeti bilen şu ýyl has-da ýokary hasyl kemala getirilýär. Indi atyzlardaky pagta hasylyny ýygnap almaga girişilmeli günler hem ýetip geldi. Birleşikde öňde duran bu jogapkärli möwsüme hemmetaraplaýyn taýýarlykly gelmek ugrunda ähli zerur çäreler durmuşa geçirilýär.