Awtotoplumdaky göwnejaý işler
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Awtotoplumdaky göwnejaý işler

Jemgyýet
24.02.2026  121

«Daşoguzawtoulag» önümçilik birleşiginiň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndaky awtotoplumy etrapda baýry kärhanalaryň biri hasaplanylýar. Bu öňdebaryjy kärhananyň işçi-hünärmenleri ýylyň-ýylyna meýilnamalary guwandyryjy netijeler bilen jemläp, ýolagçylary gatnatmakda, dürli ýükleri daşamakda asylly işleri bitirýärler.

Häzirki wagtda kärhanada 5 ugur, ýagny şäherýakada 3 hem-de şäherara 2 sany ugur boýunça ýolagçylar gatnadylýar. Köneürgenç şäherinden Daşoguz şäherine, etrabyň Pagtaçy geňeşligine, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň merkezine hem-de Magtymguly we S.A.Nyýazow adyndaky geňeşliklerine awtobus gatnawy bellenilen wagtlarda yzygiderli amala aşyrylýar. Mundan başga-da, edara-kärhanalaryň buýurmasy esasynda hem hyzmatlar ýola goýlupdyr. Şonuň ýaly-da, raýatlara sargyt görnüşinde awtoulag hyzmaty ýerine ýetirilýär.

Kärhananyň gazanýan üstünliklerine saldamly goşant goşýan sürüjilerden Akmyrat Ýollyýew, Sapardurdy Mätmuradow, Şuhrat Matryzaýew, Saparmyrat Halnazarow, Nazarbaý Artykow, Myrat Nazarow dagy özlerine berkidilen awtoulaglary saz we bökdençsiz işledip, ýaş sürüjilere halypalyk edýärler.

Kärhanada awtoulaglary abatlamak işleri merkezleşdirilen ussahanada alnyp barylýar. Bu ýerde abatlaýjy ussalar Şatlyk Aşyrdurdyýew, Begmät Baýjanow, Guwanç Gurbanmedow, Amanmyrat Hudaýbergenow, Mahmut Kutlymuradow dagy birnäçe ýyllardan bäri göreldeli zähmet çekýärler. Olar özlerine berkidilen işleriň hötdesinden abraý bilen gelýärler.

Geçen ýylyň zähmet üstünliklerinden ruhlanan bu awtoulag kärhanasynyň işgärleri ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýuna sowgatly barmak üçin gujur-gaýratlaryny gaýgyrmaýarlar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Ýollarymyz abadan bolsun!
11.09.2025   233
Jemgyýet Köňülleriň çyragy sen, Pyragy!
10.04.2024   426
Jemgyýet Haýyr-sahawatlylygyň baýramy
06.06.2025   300
Jemgyýet Ussat keramikaçy
24.09.2025   226
Jemgyýet Watanymyzyň gymmatly ýörelgesi
31.10.2025   183
Jemgyýet Gadymy senediň galkynyşy
27.03.2024   451
image