«Awaza» maslahaty — röwşen geljegiň binýady
weather dashoguz -2° C Daşoguz

«Awaza» maslahaty — röwşen geljegiň binýady

Jemgyýet
06.08.2025  125

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ata Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende galýan ajaýyp ýyllarynyň birine öwrülýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarly bolmak bilen, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy has-da berkidýär. Bitarap Türkmenistan döwletimiz parahatçylygy, ynanyşmagy goldamak bilen, halklaryň dost-doganlygyny, jebisligini üpjün etmäge möhüm ähmiýet berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasy halkara gatnaşyklarynda esasy ýörelgä öwrüldi.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisiniň dowamynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnama kabul edildi. Karardan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 13-nji iýulynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guramaçylyk döwlet toparynyň iş maslahatyny geçirdi.

Şeýlelikde, Hazaryň ajaýyp kenaryndaky meşhur syýahatçylyk zolagynda bu iri halkara maslahatyň öz işine başlamagy, oňa BMG-niň Baş sekretarynyň, dünýä ýurtlarynyň onlarçasynyň, şol sanda goňşy döwletleriň Baştutanlarynyň, hökümet ýolbaşçylarynyň, wekiliýetleriniň gatnaşmagy dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çeken waka boldy. Bu iri forumyň öňüsyrasynda hem-de onuň ilkinji günlerinde bolup geçen dabaralar, wakalar diňe bir ata Watanymyzyň däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň abraý-mertebesini belende galdyrdy. Olarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň  eden çykyşlary bütin dünýä ýaň salyp, Türkmenistanyň ýöredýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik syýasatyny Ýer ýüzüne giňden äşgär etdi. Maslahatyň dowamynda dürli ugurlar boýunça guralan forumlaryň, duşuşyklaryň, söhbetdeşlikleriň örän işjeň ýagdaýda geçmegi onuň öňde goýlan maksatlara ýetilmegini üpjün etjekdigini, dünýäniň ykdysadyýetiniň ösmeginde möhüm orny eýelejekdigini görkezdi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Işjeňligiň döwrebap nusgasy
07.09.2024   309
Jemgyýet Dabaraly maslahat
23.01.2025   247
Jemgyýet Maşgala gymmatlygy wagyz edilýär
11.10.2024   285
Jemgyýet Bagtyýarlykdan görklenýän obalar
04.09.2025   116
Jemgyýet Ýol abat-il abat
12.09.2025   91
Jemgyýet Dabaraly duşuşyk
12.02.2023   282
image