Awgust aýynyň başynda gojaman Hazaryň kenarynda geçen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty berkarar döwletimiziň bütin dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy berkarar etmäge gönükdirýän tagallalarynyň aýdyň netijesidir. Giň gerimli halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Awaza syýasy Jarnamasy bilelikdäki tagallalary durmuşa geçirmekde anyk ugurlary görkezip, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri babatda öňde goýlan wezipeler boýunça halkara raýdaşlygynyň we dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ilerletmegiň möhümdigine üns çekýär.
Maslahatyň çäginde ugurdaş forumlardyr çäreleriň geçirilmegi hem sözümiziň aýdyň delilidir. Maslahatyň dowamynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň bilelikdäki medeni çäreleriniň düýp mazmunynda medeni diplomatiýanyň dost-doganlyk köprülerini berkidýändigi aýdyň şöhlelendi. Taryhy-ruhy çeşmeleri bir gözbaşdan gaýdýan doganlyk halklaryň arasyndaky däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary häzirki döwürde ygtybarly hyzmatdaşlyga öwrülýär.
Bu maslahata dünýäniň 104 döwletinden, şolar bilen bir hatarda, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň 32-sinden, halkara guramalaryň 46-syndan iki müňden gowrak wekilleriň gatnaşandygyny aýratyn nygtamak gerek. Awaza forumynyň geçişini 35 döwletiň habar beriş serişdeleriniň bütin dünýä ýaýmagy onuň taryhy-syýasy ähmiýetiniň örän uludygyndan habar berýär.
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça maslahaty her on ýyldan bir gezek geçirilýär. Her gezekki maslahatda kabul edilýän resminamalar şol döwletleriň we olar bilen bir sebitde ýerleşýän ýurtlaryň arasyndaky ykdysady-syýasy hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugurlaryny kesgitleýär. Awaza forumynyň jemleri boýunça kabul edilen Awaza syýasy Jarnamasy 2024 — 2034-nji ýyllar üçin täze strategik gün tertibini kesgitlemek bilen, hoşniýetli hyzmatdaşlyga giň gözýetimleri açýar.