Awaza forumy: dünýä ähmiýetli taryhy çözgütler
weather dashoguz 3° C Daşoguz

Awaza forumy: dünýä ähmiýetli taryhy çözgütler

Jemgyýet
12.08.2025  89

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara ähmiýetli forumlaryň, maslahatlarynyň, sammitleriň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrülýär. Munuň özi diňe bir sebit däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiligi üçin möhüm bolan meseleleriň oňyn çözgüdiniň tapylmagyna, olar barada ylalaşyklaryň baglaşylmagyna şert döretmek bilen birlikde, ata Watanymyzyň abraý-mertebesiniň has-da ýokary göterilmegine, şan-şöhratynyň dünýä ýaýylmagyna, halkymyzyň dost-doganlyk ýörelgeleriniň dabaralanmagyna ýol açýar.

Şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda ýurdumyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi-de munuň şeýledigini aýdyň tassyklaýar. Bu maslahata BMG-niň Baş sekretarynyň, dünýä döwletleriniň onlarçasynyň, şol sanda goňşy ýurtlaryň Baştutanlarynyň, hökümet ýolbaşçylarynyň, abraýly wekiliýetleriniň gatnaşmagy, oňa dünýä derejesinde örän uly ähmiýetiň berlendigine şaýatlyk edýär. Bu maslahata deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hökmünde hasaba alan 32 ýurduň, şonuň ýaly-da beýleki gyzyklanma bildiren döwletleriň, halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Belli bolşy ýaly, bu maslahaty geçirmek barada şu ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnama kabul edildi. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 4-nji iýulynda gol çeken Kararyna laýyklykda, bu iri halkara maslahaty guramaçylykly geçirmek bellenildi hem-de oňa taýýarlyk görmek boýunça 13-nji iýulda Gahryman Arkadagymyz guramaçylyk döwlet toparynyň iş maslahatyny geçirdi. Şeýle uly tagallalaryň netijesinde maslahatyň ýokary derejede geçirilmegine ähli zerur şertler döredildi.

Bu iri halkara forumyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygyndaky hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň birinji umumy mejlisindäki çuň mazmunly çykyşlary bilen başlanmagy hemmämiz üçin örän guwandyryjy waka boldy. Şol çykyşlarda Türkmenistan döwletimiziň ynsanperwer içeri we daşary syýasaty, halkara meselelerini çözmekde giň hyzmatdaşlygy ösdürmeklige bolan garaýyşlary, bu babatda öz öňünde goýýan maksatlary giň beýanyny tapdy. «Türkmenistanyň döwlet syýasaty adama, onuň isleglerine we zerurlyklaryna gönükdirilendir. Bu syýasat şahsyýetiň mümkinçiliklerini, döredijilik kuwwatyny ýüze çykarmakdan, ruhy we beden saglygyny üpjün etmekden, kanuny hukuklaryny goramakdan ybaratdyr» diýip hormatly Prezidentimiz çykyşynda bellemek bilen: «Parahatçylyk, ynanyşmak, Bitaraplyk düşünjeleri biziň üçin özara aýrylmaz bagly bolup, Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň manysyny we düýp mazmunyny düzýär» diýip nygtady.

Bu halkara maslahatyň dowamynda guralan parlament, ýaşlar, raýat jemgyýetiniň, hususy pudagyň forumlary, duşuşyklar, söhbetdeşlikler örän işjeň ýagdaýda geçip, olarda çykyş edenler döredilen şertler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny bildirdiler. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde ugurdaş çäreleriň birnäçesiniň guramaçysy bolup çykyş edendigi aýratyn bellärliklidir. Şonuň ýaly-da, maslahatyň barşynda «Günorta — Günorta hyzmatdaşlygy: ösüşiň täze ugry», «Arabaglanyşyk: araçägiň daşyndaky sanly mümkinçilikler» atly çäreleriň, «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde durnukly ösüş maksadynda serişdeleri bermek we ugrukdyrmak hem-de ählumumy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak» atly «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşligiň dowamynda möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu çäreleriň röwşen geljegi gurmaga gönükdirilendigi örän guwandyryjydyr. Dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çeken, halkara derejesinde giň seslenme döreden «Awaza» forumunda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlygy tarapyndan hödürlenilen Awaza syýasy Jarnamasynyň kabul edilmegi halkara gatnaşyklary ösdürmegiň geljekdäki aýdyň ýoluny kesgitledi. Geljek on ýyl üçin hereketleriň Awaza maksatnamasy dünýäniň ykdysady we beýleki ugurlarda derwaýys ösüşlerine goldaw berjek çäreleri, hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça tagallalary, bilelikde öňe gitmegiň meýilnamalaryny öz içine alýar.

Şeýlelikde, bu halkara maslahat Birleşen Milletler Guramasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň taryhynda täze tapgyr boldy hem-de bu ugurda geljek ýyllarda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän çärelere badalga berdi.

 

Meňzeş habarlar

Jemgyýet «Magtymguly diýip adym tutsalar...»
06.01.2025   211
Jemgyýet Pyragynyň zybanynda tebigatyň waspy
30.10.2024   259
Jemgyýet Dabaraly maslahat
09.07.2025   100
Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi
08.08.2025   80
Jemgyýet Bagtyýarlygyň binýady
02.09.2025   72
Jemgyýet Milli mirasyň buýsançly waspy
17.10.2024   248
Jemgyýet Döwletiň mizemez hukuk binýady
11.09.2025   52
image