Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek üçünji maslahatyna taýýarlyk görmek barada guramaçylyk döwlet toparynyň maslahatynda: «Türkmenistanyň Birleşen Milletler guramasy bilen bilelikde guramagynda geçiriljek bu halkara maslahatyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurly köp sanly çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar» diýip belläp geçdi. Şundan görnüşi ýaly, bu halkara maslahatyň dünýä jemgyýetçiligi, şol sanda biziň ýurdumyz üçin ähmiýeti örän uludyr. Çünki onda ara alnyp maslahatlaşylmagy meýilleşdirilýän meseleler dünýäniň 30-dan gowrak ýurdunda ýaşaýan halklaryň özara gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna gönükdirilýär.
Belli bolşy ýaly, BMG tarapyndan Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hökmünde hasaba alnan 32 sany döwletiň 16-sy Afrikada, 12-si Aziýada, 2-si Latyn Amerikasynda, 2-si bolsa Merkezi we Gündogar Ýewropada ýerleşýär. Munuň özi biziň ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilen bu halkara maslahata gatnaşyjylaryň dünýäniň ähli yklymlaryna diýen ýaly wekilçilik edýändiklerini, şonuň bilen baglylykda, onuň ata Watanymyzyň abraý-mertebesiniň has-da belende göterilmegine uly goşant goşjakdygyny görkezýär. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 4-nji iýulynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» kabul eden Kararynyň ähmiýeti örän uly bolup durýar. Onda bu halkara forumy, onuň çäklerindäki ugurdaş çäreleri ýokary derejede guramak göz öňünde tutulyp, bu babatda edilmeli işler anyk bellenildi.
Hormatly Prezidentimiziň şu Kararynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksadynda, guramaçylyk döwlet toparynyň maslahatynda bellenilip geçilişi ýaly, forumyň dowamynda guralmagy göz öňünde tutulýan çäreler jemi 7 sany ugry öz içine almak bilen, utgaşykly işleýän toplumy emele getirer. Olaryň arasynda maslahatyň açylyş, ýapylyş çärelerini dabaraly ýagdaýda guramak, mejlisleriň, «tegelek stollaryň», söhbetdeşlikleriň, pikir alyşmalaryň ýokary derejede geçirilmegi üçin oňaýly şertleri döretmek we beýlekiler bar. Şonuň bilen birlikde, bu ýerde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça hem-de guramagynda geçiriljek çäreler hem uly orun tutýar. Munuň özi Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrundaky tagallalarynyň dünýä jemgyýetçiligine ýetirilmegine uly ýardam berer.
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň esasy maksady dünýäniň dürli yklymlarynda ýerleşýän bu döwletlere özlerini gyzyklandyrýan meseleleri çözmeklerine ýardam bermekden, olaryň öz arasynda, şonuň ýaly-da, beýleki ýurtlar bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegine goşant goşmakdan ybaratdyr. Mälim bolşy ýaly, dünýäniň köp sanly ýurtlarynyň deňze çykalgasy bolup, olaryň söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa babatlarda mümkinçilikleri has uludyr. Emma, bu foruma gatnaşyjy ýurtlarda bu ugurda käbir kynçylyklaryň gabat gelýändigi BMG-niň degişli edaralary tarapyndan hasaba alnyp, ýaňy hem belleýşimiz ýaly, her 10 ýyldan şeýle maslahat guralýar. Munuň özi şol ýurtlaryň hem dürli ugurlardaky ösüşlerden yzda galmazlyklaryny gazanmaga gönükdirilendir. Şu forumyň «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» atly şygar astynda geçirilmegi-de şeýle asylly maksatdan gelip çykýar.
Elbetde, BMG-niň bu iri halkara forumynyň ýokary derejedäki maslahatlaryň, sammitleriň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrülen ata Watanymyzda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34, baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şöhratly baýramlaryna barylýan döwürde geçirilmeginiň uly manysy hem-de çäksiz ähmiýeti bar. Çünki onda orta atylýan meseleler diňe bir foruma gatnaşyjy ýurtlaryň däl, eýsem, tutuş adamzadyň geljegine dahyllydyr.