Awaza forumuna bagyşlanyldy
weather dashoguz 15° C Daşoguz

Awaza forumuna bagyşlanyldy

Jemgyýet
11.08.2025  241

TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň guramagynda «BMG-niň Awaza forumy-durnukly ösüşiň we parlamentara gatnaşyklaryň bähbidine» atly dabaraly maslahat geçirildi. Birleşmäniň mejlisler eýwanynda guralan bu maslahat golaýda Hazar deňziniň gözel kenarynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegine bagyşlanyldy. Oňa TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň ýolbaşçylary, hünärmenleri, edara-kärhanalaryň KA-nyň ilkinji guramalarynyň başlyklary, işjeň agzalary gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler BMG-niň şeýle uly halkara çäresiniň ýurdumyzda geçirilmeginiň ähmiýetini giňişleýin gürrüň berdiler hem-de onuň üstünlikli geçirilmegi üçin zerur şertleriň döredilmegi barada çäksiz alada eden türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar, il-ýurt bähbitli işleriniň, ata Watanymyzyň abraý-mertebesini has-da belende götermek ugrundaky tagallalarynyň mundan beýläk hem rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet ​​​​​​​Hakyda hatyrasy
06.10.2026   20
Jemgyýet Hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri
18.04.2026   145
Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi
25.09.2024   466
Jemgyýet Söhbetdeşlik geçirildi
16.08.2024   395
Jemgyýet Saglyk sahawatynyň saýasynda
24.08.2024   432
Jemgyýet Hasabat-saýlaw ýygnaklary dowam edýär
30.01.2026   194
Jemgyýet Salamlaşmak edebi
21.01.2026   211
image