Awaza dost-doganlygyň mesgeni
weather dashoguz 25° C Daşoguz

Awaza dost-doganlygyň mesgeni

Jemgyýet
29.08.2025  194

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ata Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende galýan ýyllarynyň birine öwrülýär. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarly bolup, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy has-da berkidýär.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şu ýylyň 4 — 8-nji awgustynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçirildi. Taryhy ähmiýete eýe bolan halkara maslahatyň dowamynda geçirilen çäreler türkmen myhmansöýerliginiň milli ruhda dabaralanýandygynyň aýdyň nyşany boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň şu maslahat mynasybetli dabarada eden taryhy çykyşynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahatynyň halklaryň arasynda dost-doganlygy, parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belledi. Şeýle hem maslahatyň çäklerinde sebitleýin meseleler özara maslahatlaşyldy. Merkezi Aziýa döwletleriniň şanly ýylda geçiriljek konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde alnyp barylýan taýýarlyk işlerine bagyşlanan maslahat has-da täsirli boldy. Bilşimiz ýaly, Bitarap Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleri bilen ýola goýulýan gatnaşyklary işjeňleşdirmäge möhüm ähmiýet berýär. Şunda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň örän uly orny bardyr.

Hazaryň kenarynda geçirilen halkara maslahatda hormatly Prezidentimiziň eden taryhy çykyşynda ulag-logistika, oba hojalyk pudaklarynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Şunda Türkmenistanyň halkara kadalaryna eýermek bilen, özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýändigi bellenildi. Şeýle hem maslahatyň çäklerinde migrasiýa babatynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik guraldy. Bu bolsa halkara derejede migrasiýa syýasatyny üstünlikli amala aşyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hazaryň türkmen kenary dost-doganlygyň, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň dabaralanýan mesgenine öwrülýär. 22-nji awgustda ýurdumyzyň bu gözel künjeginde Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan ýokary derejeli üçtaraplaýyn duşuşygynyň geçirilmeginiň mysalynda bu hakykata aýdyň göz ýetirmek bolýar. Duşuşykda energetika ulgamynda, bitewi ulag strategiýasyny döretmek, söwda-senagat hyzmatdaşlygyny giň gerimde ösdürmek babatda tagallalaryň ilerledilmegi dost-doganlyk döwletleriň arasyndaky köpasyrlyk taryha eýe goňşuçylyk gatnaşyklaryň ygtybarly we uzak geljegi nazarlaýan strategik hyzmatdaşlyga öwrülýändigini alamatlandyrdy.

 

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Kalplara nur, ömre ylham Pyragy
21.06.2024   455
Jemgyýet Dünýä ýaň salan şäher
13.09.2024   446
Jemgyýet Naryň peýdasy
13.10.2025   272
Jemgyýet Ýokary guramaçylyk derejesinde
11.03.2026   69
Jemgyýet Milli miras
19.06.2025   225
image