«Awaza» dost-doganlygyň mekany
weather dashoguz 9° C Daşoguz

«Awaza» dost-doganlygyň mekany

Jemgyýet
01.08.2025  231

Ýakynda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň medeniýet öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Görogly etrap geňeşiniň guramagynda «Awaza — dost-doganlygyň, parahatçylygyň mekany» atly şygar astynda ýaşlaryň gatnaşmaklarynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Şu ýylyň 4 — 8-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň we onuň çäklerinde guraljak ýaşlar forumynyň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen geçirilen söhbetdeşlige etrabyň bilim, medeniýet, sport ulgamlarynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.

        Onda çykyş eden ýaşlar halkara forumda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň meseleleri bilen bir hatarda, parlament forumy, ýaşlar forumy, zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy ýaly ugurdaş maslahatlaryň hem geçirilmeginiň ähmiýeti, bu halkara derejeli çärelere görülýän taýýarlyklar barada söhbet etdiler.

 

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Hünärli nesil — röwşen geljek
01.10.2025   207
Jemgyýet Bilimli nesil — kuwwatly Watan
24.05.2025   352
Jemgyýet Öz hünäriniň ussady
22.01.2025   446
Jemgyýet Halkara hyzmatdaşlygynda täze sahypa
04.10.2025   222
Jemgyýet Parahatçylygyň kepili
18.07.2025   313
Jemgyýet Bagtly geljegiň we ösüşiň binýady
11.02.2026   185
image