Atlar bilen bagly aýtgylar
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Atlar bilen bagly aýtgylar

Jemgyýet
22.04.2024  458

Seljuk begiň syrly sandygy bolup, bu sandygy özi öleninden soň açmagy ogullaryna sargyt edipdir. Beg garrap, dünýäden ötende, onuň agtyklary Togrul beg bilen Çagry beg sandygy açýarlar. Sandygyň içinde şeýle mazmunly wesýetnama bar eken: «Zürýatlarym, nesil-neberelerim! Meniň janym hak eýäme gowşansoň, yzymda galan atyma maňa seredişiňiz ýaly serediň! Jan berenden soňra bolsa, ony meniň ýanymda jaýlaň!».

* * *

Agyr söweşleriň birinde Tumar şanyň atyna duşman naýzasy sünjülip, heläk bolýar. Batyr şa aýal atynyň eýerini arkasyna daňýar-da, başga ata münüp, derrew söweşe girýär. Ony gören urşujylar öňküsinden-de gazaply söweşýärler. Uruşda duşman goşuny derbi-dagyn edilýär. Tumar şa:

— Söweşde men ýeňmedim, meniň atym ýeňdi — diýip, buýsanç bilen atynyň eýerini köşgüniň diwaryndan asyp goýupdyr.

* * *

Aýdyşlaryna görä, Isgender öz Busefaly barada şeýle ýazgylary galdyryp gidipdir: «Busefal meniň ýoldaşym, doganym». «Men Busefalyň üstünde otyrkam, dünýäniň ýarysyna däl, barysyna golumy ýetirýärin». «Hemişe ýörişe gidenimde, Busefal ýüzüni asmana — Alla tarap öwürýär. Belki, meniň işimiň rowaç almagy şonuň üçindir».

* * *

Asyrlaryň dowamynda türkmeniň saz sungatynyň läheňleriniň sünnälik bilen döreden «At çapan», «At çapar», «Göroglynyň at oýnadyşy», «Şadilli» ýaly nusgawy saz eserleri behişdi bedewlerimiziň şanyna mukamlardan dikilen ýadygärliklerdir.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Täze ýylyň şatlykly dabaralary
07.01.2025   330
Jemgyýet Kämilligiň açary
12.06.2026   77
Jemgyýet Garaşsyzlyk — baky bagtymyz
28.08.2025   221
Jemgyýet Jebisligiň aýdyň ýoly
07.09.2024   398
Jemgyýet Oraza baýramyna
26.03.2025   334
Jemgyýet Halyçy zenanlaryň bäsleşigi
14.05.2025   352
image