Ätiýaçlyk şaýlar öndürilýär
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Ätiýaçlyk şaýlar öndürilýär

Ykdysadyýet
31.08.2026  67

Oba hojalyk ulgamynda möhüm möwsümleriň üstünlikli geçirilip, öňde goýlan wezipeleriň öz wagtynda berjaý edilmegine Daşoguz şäherindäki motor abatlaýyş kärhanasynyň işçi-hünärmenleri hem saldamly goşant goşýarlar. Olar möwsümleýin işlerde ulanylýan tehnikalar, iş gurallary üçin zerur bolan ätiýaçlyk şaýlarynyň, beýleki serişdeleriň dürli görnüşlerini öndürip, bellenilen ýerlere bökdençsiz ýetirmegiň hötdesinden gelýärler.

Kärhanada «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň bugdaý ekişi möwsüminde hem bu babatda degerli çäreleri durmuşa geçirmek meýilleşdirilip, häzirki günlerde bu ugurda öndürijilikli iş alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, bu ýerde ätiýaçlyk şaýlarynyň 50-ä golaý görnüşini öndürmek ýola goýlupdyr. Olaryň arasynda traktorlaryň, ekijileriň, çizelleriň ätiýaçlyk bölekleri bar. Kärhanada kebşirleýiş işlerinde peýdalanylýan tehniki kislorodyň öndürilmegi bolsa ýerlerde oňa bolan islegiňýeterlik kanagatlandyrylmagyna uly ýardam berýär.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Hasyla hasyl goşulýar
19.08.2026   82
Ykdysadyýet Sürüm işleriniň depgini ýokary
15.07.2026   101
Ykdysadyýet Bereket önýän meýdanlar
27.06.2024   381
Ykdysadyýet Ak hanalaryň belent harmany
24.10.2025   231
Ykdysadyýet Hojalykda ulanylan kädiler
07.07.2025   347
image