Ätiýaçlandyryşyň täze görnüşi
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Ätiýaçlandyryşyň täze görnüşi

Jemgyýet
07.08.2024  352

Ykdysadyýetimiziň ösüp barýan ugurlarynyň biri bolan ätiýaçlandyryş ulgamynyň hyzmatlarynyň görnüşleri gün-günden artýar, onuň hereket edýän düzgünleri we kadalary döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirilýär. Häzirki wagtda müşderiler üçin ätiýaçlandyryşyň «Hususy notariusyň hünär jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş», «Poçta ugratmalaryny meýletin ätiýaçlandyryş», «Auditoryň hünär jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş», «Fiziki şahslar welosiped sürende (ulananda) betbagtçylykly hadysalardan we raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş» görnüşleri işlenip taýýarlanyldy. Adamlaryň ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenlisi welosiped ulanýar. Onda ýüze çykan betbagtçylykly hadysalarda ätiýaçlandyryşyň şu görnüşinde ätiýaçlandyryş halatynyň aşakdaky ýaly ýetiren zyýanlarynyň öwezi dolunýar:

— welosiped sürlende betbagtçylykly hadysanyň netijesinde ätiýaçlandyrylan şahsyň janyna ýa-da saglygyna zyýan ýetmegi, maýyplyk almagy ýa-da aradan çykmagy;

— ätiýaçlandyrylan şahs tarapyndan welosiped sürleninde üçünji taraplaryň janyna, saglygyna zyýan ýetirilmegi;

— ätiýaçlandyrylan şahs tarapyndan welosiped sürleninde üçünji taraplaryň emlägine zyýan ýetirilmegi.

Ätiýaçlandyryşyň pul möçberi ätiýaçlandyrylýan bilen ätiýaçlandyryjynyň arasynda ylalaşylyp, töwekgelçiligiň her bir görnüşi boýunça bellenilýär. Ätiýaçlandyryş şertnamasy taraplaryň ylalaşmagy boýunça 1 ýyldan az möhlete, 1 ýyla we ondan köp möhlete baglaşylyp bilner. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda bähbit görüji görkezilen bolsa, onda görkezilen ätiýaçlandyrylan şahsa degişli we ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen bagly borçnamalar bähbit görüjä hem degişlidir.

Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda ätiýaçlandyrylan şahs ýüze çykan ätiýaçlandyryş halaty barada ätiýaçlandyryja 7 iş gününiň dowamynda arza ýa-da sanly hyzmatlar arkaly elektron görnüşinde habar bermelidir. Ätiýaçlandyryşyň dürli mümkinçiliklerinden peýdalanmak siziň emlägiňiziň we şahsy bähbidiňiziň goragynyň girewidir.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Rowaçlygyň mekany
02.10.2024   384
Jemgyýet Paýtagtymyz — ak bagtymyz
25.05.2026   64
Jemgyýet Sadyr
03.11.2025   222
Jemgyýet Awtotoplumdaky göwnejaý işler
24.02.2026   91
Jemgyýet Sagdyn durmuş wagyz edildi
21.06.2024   422
Jemgyýet Kitap — köňül syrdaşym
03.06.2025   264
Jemgyýet Gymmatly ruhy-hazyna
02.01.2026   146
image