«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen uly özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ätiýaçlandyryş ulgamy hem döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň hukuk binýady pugtalandyrylýar, hereket edýän ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň hili ýokarlandyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanyň Döwlet Ätiýaçlandyryş guramasy hakynda» Düzgünnamanyň täzeden kabul edilmegi, şeýle hem «Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalaryň we üýtgetmeleriň girizilmegi bu ulgamy ösdürmek, onuň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak babatda amala aşyrylýan işleriň aýdyň beýanydyr.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň çäginde daşary ýurt maýasyny özleşdirýän köp sanly iri kompaniýalar iş alyp barýarlar. Munuň özi ýurdumyzda ýöredilýän giň gerimli halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň netijesi bolup durýar. Ätiýaçlandyryş guramasy ýurdumyzda ätiýaçlandyryş bazaryny ösdürmek, döwletiň maýa goýum mümkinçiligini ýokarlandyrmak, fiziki we ýuridiki şahslaryň bähbitleriniň ätiýaçlandyryş goragyny üpjün edýän kämil gurama öwrülmek bilen, hyzmatlaryň görnüşlerini barha giňeldýär hem-de gazanylýan ösüşlere mynasyp goşandyny goşýar. Öňdebaryjy dünýä tejribelerinden peýdalanmak, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny ornaşdyrmak arkaly ykdysadyýetimizde uly öňe gidişlikler gazanylýar. Guramamyz geljekde döwletiň ykdysady we syýasy bähbitlerini durmuşa geçirmekde öz öňünde durýan ähli wezipeleri ýerine ýetirip, ýurdumyzda ätiýaçlandyryş bazarynyň mundan beýläk hem pajarlap ösmegine goldaw berer.