Ata kesbine eýeren
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Ata kesbine eýeren

Medeniýet
23.01.2026  153

Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen estrada sungaty görlüp-eşidilmedik derejede ösdi. Eziz Diýarymyzyň ösüş-özgerişlerini özleriniň şirinden-şirin aýdym-sazlary bilen wasp edýän estrada aýdymçylary bu günki gün barmak büküp sanardan kän bolsa gerek. Olar türkmen kompozitorlarynyň döredýän täze aýdym-saz eserlerini ýaýlymlar arkaly il-günümize ýetirýärler. Häzirki zaman saz gurallaryna özleriniň şirin owazlaryny goşup, joşgunly aýdym aýdýan estrada aýdymçylary biziň Daşoguz welaýatynda-da näçe diýseň bar. Olar hakda gürrüň açylanda, zehinli aýdymçy Begenç Hekimow ýadyňa düşýär. Begenjiň aýdym-saza bolan höwesi heniz ýaşlyk ýyllarynda döreýär. Ol öz obalaryndaky, ýagny Görogly etrabynyň Polosoltan obasyndaky 23-nji orta mekdepde okaýan döwründe aýdym-saz mugallymy Sapardurdy Sazakow Begençde aýdym aýtmaga bolan yhlasyň-höwesiň bardygyny bada-bat aňýar. Mugallym onuň bilen sapakdan boş wagtlary işläp başlaýar. Şeýlelik bilen, ýaş zehin mugallymyndan aýdym yzyna aýdym öwrenýär. Her gezekki duşuşykda olar täze aýdym-saz eserleriniň üstünde işleýärler. Begenç halypa mugallymy bilen obalarynda tutulýan toýlarda ýürege ýakyn aýdymlary bilen obadaşlaryny häli-şindi begendirip durýar. Bu jadyly sungat mekdebi oňat bahalar bilen tamamlan Begenji 1990-njy ýylda Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebine getirýär. Aýdym-saza zehini zor bu ýaş ýigit bu ýerde ussat mugallym, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Baýrammyrat Mülkiýewiň elinde tälim alýar.

Şeýlelikde, bu iki ynsany mydama okuw jaýynyň synplarynda fortepianonyň başynda görmek bolýardy. Begenç oba mekdebinde Sapardurdy mugallymdan öwrenen aýdymlaryny halypasy Baýrammyrat bilen has hem taraşlap, owazyny taplaýar.

Begenç Hekimow bu mukamlar mesgenini oňat bahalar bilen tamamlap, birnäçe ýyl Daşoguz şäher medeniýet bölüminde işleýär. Onuň mugallym bolup, çagalarda jadyly sungata höwes döretmek arzuwy ony Daşoguz şäherindäki 13-nji orta mekdebe alyp gelýär. Häzirki wagtda ýaşy 6 onlugy tegelän aýdym-saz mugallymy Begenç Hekimow okuwçylara aýdym-saz sungatyndan sapak bermek bilen bir hatarda, estrada aýdymçysy hökmünde ile özüni giňden tanadyp, tomaşaçylaryň söýgüli aýdymçylarynyň birine öwrüldi.

Aýdymçy Begenç Hekimow arada özüniň zehinini siňdirip aýdan «Käbäm enem», «Kemsinmezmiň», «Maýam», «Gözelim», «Gördüm», «Dostum sen», «Daglara», «Ala gözli Humaýym» ýaly naýbaşy aýdymlaryny Meret Bazarowyň sazandarlyk etmeginde türkmen radiosynyň diňleýjilerine sowgat etdi. Özüniň ajaýyp aýdymlary bilen il-halkymyza çyn ýürekden hyzmat edip, alkyş eýesi bolup ýören aýdymçy Begenç Hekimowa döredijilik üstünliklerini arzuw edýäris.

Meňzeş habarlar

Medeniýet Görelde mekdebi
26.11.2025   166
Medeniýet Gadymy sungatyň ýaş muşdaklary
06.06.2026   74
Medeniýet Sallançagyň badyndan
17.09.2025   264
Medeniýet Çaýhalta
20.11.2022   570
Medeniýet Teatryň toý sowgady
04.09.2023   543
Medeniýet «Çalsana, bagşy! — 2025»
13.06.2025   467
Medeniýet Dürli daňylar
10.10.2023   556
image