At-owazy giň jahana ýaýramyş
weather dashoguz 11° C Daşoguz

At-owazy giň jahana ýaýramyş

Jemgyýet
08.02.2025  291

Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde TAP-nyň welaýat komitetiniň, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň, TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy mynasybetli maslahat geçirildi.

Dabarada çykyş edenler bu üstünligiň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň sene ýazgysynda mynasyp orun eýelejek taryhy-syýasy ähmiýetli wakadygy hakynda buýsanç bilen nygtadylar. Bu hoş habar bagtyýar halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyryp, täze taryhy döwürde gazanylýan ägirt uly ösüşleriň, halkara giňişliginde ýurdumyzyň gazanýan syýasy üstünlikleriniň bedew batly depginini alamatlandyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen 2007-nji ýylda döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary halkymyzyň mirasy bilen berk baglanyşykly bolup, olarda gadymy milli oýunlaryň, däp-dessurlaryň naýbaşy nusgalary döwrebap görnüşde şöhlelenýär. Toparyň gazanan deslapky üstünligi milli mirasymyzyň, seýisçilik we atçylyk sportunyň abraý-mertebesiniň bütin dünýäde dabaralanýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Ýurdumyzyň beýik taglymaty
17.06.2025   209
Jemgyýet Milli demokratiýanyň dabaralanmasy
14.10.2024   333
Jemgyýet Test barlaglary geçirildi
25.03.2026   47
Jemgyýet Şadyýan gyzjagazyň üstünligi
19.03.2024   473
Jemgyýet Atlar bilen bagly aýtgylar
22.04.2024   394
Jemgyýet Bäsleşigiň şäher tapgyry
31.10.2024   353
Jemgyýet Ýaş lukmanyň täzeçil gözlegleri
30.04.2024   385
Jemgyýet Awaza forumy: adamzadyň bähbidi üçin
25.07.2025   186
image