Türkmen halkynyň atşynaslyk taryhy öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýar. Ata-babalarymyz müňlerçe ýyl mundan ozal ýyldyrym dek süýnýän ajaýyp ahalteke atlarymyzy kemala getiripdirler. Ahalteke atlarynyň gadym döwürlerde-de meşhurlyga eýe bolandygyny taryhyň atasy hasaplanylýan Gerodotyň: «Gündogarda — Nusaý atly ägirt uly giňişlikde ajaýyp atlar gezýär» diýen sözleri doly subut edýär. Taryhy çeşmelerde hytaýlylaryň türkmen atlaryna isleginiň uly bolandygy barada-da birnäçe maglumatlar saklanyp galypdyr. Biziň eýýamymyzdan öňki II asyrdan biziň eýýamymyzyň II asyrynyň ortalaryna çenli Hytaýda at bakylýan welaýatlar Hun imperiýasynyň gözegçiliginde saklanypdyr. Şol döwürde Hytaýda iň arzan atyň bahasy 200 top ýüpek mata bilen kesgitlenipdir. Pederlerimiz öz atlaryna iň gowy eýlenen gaýyşlardan esbaplary ýasapdyrlar we ony kümüş şaý-sepleri bilen bezäpdirler. Muny ýunan taryhçysy Strabonyň: «Olaryň (parfiýalylaryň) bedew atlarynyň boýunlary we eginleri şaý-sepler bilen bezelendir» diýen sözleri hem tassyklaýar.
XIX asyrda ýaşap geçen jahankeşde Boden öz gözi bilen gören wakasyny beýan edip: «Türkmen bedew atlarynyň käbiri hüjüm ýa-da kowgy mahaly duşman atlysyndan dişi bilen aslyşyp, ony eýerden agdarýar» diýip ýazypdyr.
Türkmen atlary hiç wagt eýesini taşlap gitmeýär. Eýesi ýykylsa, aýlanyp gelýär-de, her hili hereket bilen ony turuzjak bolýar, çöküp üstüne münmäge kömek edýär. Ahalteke bedewleri hiç wagt aşagyna düşen ýa-da ýykylan adamy basmaýar, olara atşynaslar: «Adam ýaly duýgur, akylly» diýýärler.