Asyra ulaşan ömür
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Asyra ulaşan ömür

Jemgyýet
21.10.2024  362

Hakyň peşgeşi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ajaýyp rowaçlyklary bilen ýurdumyzyň her bir raýatynyň kalbyna nur bolup çaýylýar. Şeýle ömür peşgeşli adamlaryň biri ildeşimiz, Şabat etrabynyň Şöhrat geňeşliginiň ýaşaýjysy, 104 ýaşy arka atan mährem ene Sadat Nurmedowadyr. 8 perzendinden 27 agtygyny, 50-den gowrak çowlugyny, 3 ýuwlugyny töweregine üýşürip oturan, mähek daşy kimin mähriban ynsanyň ömür ýoly ýaşlara nusgalyk mekdepdir.

Sadat ene gürrüňdeşlikde ýaşlyk ýyllarynyň, gelinlik döwrüniň kynçylykly durmuşa gabat gelendigini, ýagty ertirler baradaky inçe umytlaryň özlerine hemişe güýç-gaýrat berendigini ýatlaýar.

Sadat ene bilen onuň döwletli ojagynda didarlaşyp, gürrüňdeş bolanymyzda hem şeýle duýgular durky-düýrmegimizi doly gurşap aldy. Alladan ömür peşgeşli ynsanyň teperrik durky, şükranalygy, öwüt-ündewleri kalbymyza dolup, Watan öňündäki perzentlik borjumyzy mundan beýläk hem ak ýürekden, päk zähmetimiz bilen haklamaga hyjuw berdi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Gatnaşyklary berkitmegiň aýdyň ýoly
14.08.2025   189
Jemgyýet Hasabat-saýlaw ýygnaklaryna bagyşlandy
03.02.2026   109
Jemgyýet Baýramçylyk joşguny
27.12.2024   299
Jemgyýet Wagyz-nesihat maslahaty
25.11.2024   306
Jemgyýet Halkara maslahata bagyşlanan dabara
26.07.2025   188
Jemgyýet Düzgünler berjaý edilmelidir
29.10.2024   347
Jemgyýet Enelere sarpanyň beýany
06.03.2026   65
Jemgyýet «Edepli ile ýarar»
06.05.2025   265
image