Asylly terbiýe — gymmatly miras
weather dashoguz 24° C Daşoguz

Asylly terbiýe — gymmatly miras

Jemgyýet
24.02.2025  274

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp nesli kemala getirmek babatynda uly işler alnyp barylýar. Bu bolsa ýaşlaryň Watana bolan söýgüsini has-da berkidip, geljege ynamyny artdyrýar. Asyllylyk, halallyk, Watana wepalylyk, zähmetsöýerlik ýaly ýörelgeleri ýaşlaryň aňyna guýmak döwrümiziň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Ynsan öz dowamaty bolan perzendinde ertiriň bagtyny görýär. Bu günki terbiýeli perzent ertirki eşretli durmuşyň açary, ynsan kalbynyň iň näzik duýgularynyň hasyl bolmagydyr. Jemgyýetiň ösüşi ýaş nesillerimize baglydyr. Nesil terbiýesi jemgyýetçilik terbiýesiniň esasyny düzýär. Şol sebäpli geljegimiz bolan ýaş nesilleriň terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmegi üçin yhlasymyzy gaýgyrmaly däldiris. Çaga kalby tämiz bolýar. Onuň päk ahlakly, watançy ynsan bolup ýetişmegi jemgyýetde alan terbiýesine bagly. Edep-terbiýe meselesine oýlanyşykly çemeleşmekde we ýaş nesli dogry terbiýelemekde bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işgärleriniň tagallalary bilen birlikde, çeper eserleriň, ertekileriň, matallardyr tapmaçalaryň ähmiýeti uludyr. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Edebiň ýagşysy — ulyny syla» diýip bellemek bilen, edebiň sylag-hormatdan başlanýandygyny, sylag-hormatyň bar ýerinde edebiň bardygyny beýan edýär. Mertlik, batyrgaýlyk, asyllylyk, birsözlülik, salykatlylyk, ar-namyslylyk ýaly häsiýetlerde terbiýelenýän ýigitler biziň Watanymyzyň geljegidir. Watany söýmek, wepalylyk, mertlik babatyndaky öwüt-nesihatlar ýaş nesilleriň terbiýesinde juda ähmiýetlidir.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Mizemez ýörelgä ygrarlylyk
15.02.2025   278
Jemgyýet Baýramçylyga bagyşlandy
23.03.2024   1037
Jemgyýet Hoşallyga beslenen dabara
19.01.2026   59
Jemgyýet Şöhraty jahana dolan Pyragy
18.12.2024   320
Jemgyýet Dil bilen açylýar dünýäniň ýüzi
30.09.2024   335
Jemgyýet Kämilligiň gözbaşy
05.11.2025   118
Jemgyýet Dünýäniň belent ykrary
09.01.2026   91
image