Şeýle şygar bilen, golaýda TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň welaýat kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Daşoguz welaýat kitaphanasynda geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň partiýa guramaçysy Humaý Uzakberdiýewa, Daşoguz şäherindäki 1-nji orta mekdebiň mugallymy Gözel Rejepowa, welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Mähri Bekiýewa, Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Bahar Hojaýewa, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Batyr Uzakberdiýew dagy özara pikir alyşdylar. Taryhy döwrümiziň şöhratly ýylynda döwletimiziň hem halkymyzyň durmuşyna, ösüşine ýokary täsirini ýetirýän beýik işleriň buýsanjy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artandygy, durmuş gurşawynyň derejeli ösüşe eýe bolandygy barada söhbet etdiler. Baş baýramymyzyň ýubileý toýunyň öňüsyrasynda geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde döwlet hem jemgyýetçilik durmuşyny mundan beýläk hem pugtalandyrjak wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýandygy, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň alyp barýan işleriniň bu babatda ähmiýeti barada bellenildi.